Mazmuna geçiň

Fransiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Fransiýa
(Fransiýa baýdagy) (Fransiýa gerbi)
Kartasy

Fransiýa (fr. France [fʁɑ̃s]), resmi ady Fransuz Respublikasy (fr. République française [ʁepyblik fʁɑ̃sɛz]) — Günbatar Ýewropada döwlet. Paýtagty — Pariž şäheri. Fransiýa umumy meýdany 640,679 km². 67 million halkly ýurt (2017).

Lýudowik 14

17-nji asyryň 2-nji ýarymynda Fransiýa Ýewropada iň uly we merkezleşen döwletleriň biridi. 1618-1648-nji ýyllarda bolup geçen 30 ýyllyk uruşyň netijesinde Fransiýanyň ýeňmegi onuň Ýewropada harby-syýasy agdyklygyny üpjün etdi. Fransiýanyň 18-nji asyryň ortalarynda ilaty 21 mln golaýy daýhanlardy. Emma oňa seretmezden ýurtda dokma senagatynyň kärhanalary daýhanlaryň zähmetinden amatly peýdalanýardy. Öndürilýän önümler ýurduň içerki we daşarky bazarynda satylýardy. Fransuz senagaty bu döwürde has köp pudaklydy: gymmat bahaly matalar, sagat, wino, ýarag, kagyz, kitap çap edýän kärhanalar bardy. Fransiýanyň demirgazyk ýerlerinde kärende görnüşinde oba –hojalyk ýöredilýärdi. Fransiýada mülk eýeleri esasan özlerine degişli ýerleriň we daýhanlaryň hasabyna ýaşaýardy. Fransuz mülkdarlary iňlis jentlerden tapawutlylykda söwda bilen hem senagat işi bilen hem meşgullanyp bilmeýärdi. Şeýlelikde mülkdarlar kem-kemden tozap başlady. XVII-nji asyrda täze emele gelýän fransuz buržuaz häli gowşakdy, şonuň üçin hem ol syýasy özbaşdaklyga taýýar däldi, ol fransuz absolýut goldawyna mätäçdi. XVIII asyryň 2-nji ýarymy esasan hem absalýutizme garşy göreş bilen geçdi, esasan hem kardinal Reşelýeniň (1624-42) döwründe, ondan soňkylar ýagny 1642-nji ýýlda Lýudowik 14 (häli 5 ýaşyndaka) Anna Awstriýskaýa onuň hem oýnaşy italiýaly Mazarini.

Mazarini kardinal derejesini alyp ýurtda absolýutizm syýasatyny geçirýärdi. Onuň syýasatynda närazy toparlar emele gelip başlaýar. Fransiýanyň günorta – günbatar böleginde daýhanlar gozgalaň turuzdylar. Emma häkimiýet tarapyndan iberilen goşun ony basyp ýatyrdy. Hökümetde-de aýry-aýry toparlar emele geldi. Mysal üçin Pariž parlamenti şol 1 wagtda ýokary sud palatasy häkimiýet tarapyndan täze salgytlary girizmäge garşy çykyş edende şa buýrugy bilen onuň mejlisleri gadagan edildi. Muňa jogap edip Pariž parlamenti şa buýruklaryny güýçsiz hasap edýän birnäçe kararlar kabul etdi. Emma 1648-nji ýýlda Pariž parlamentiniň 2 sany lideri tussag edildi. Oňa jogap edip Parižliler şäherde müňlerçe berkitmeler gurdular, ol herekete fransiýada FRONDA diýen at berildi. Esasan hem 1650-1653 ýyllarda Frondaky ýurduň täsirli aristokratlary baştutanlyk edip, olar şa hökümiýetini çäklendirmegi, baş ştatlaryň döredilmegini talap edýärdiler. Emma Mazarini ol hereketleri dargadýar. 1661-nji ýylda Mazarini aradan çykan soň ýurdy Lýudowik 14-ň özi dolandyryp başlaýar. Lýudowik 14-ň dolandyran döwründe fransuz absolýutizmi has ösen derejesine ýetýär. Taryhda bu döwre Lýudowik 14-ň asyry diýip at berdiler. Onuň döwründe şa häkimligi has ýokara galýar hem-de döwlet merkezleşmesi güýçlenýär. Şanyň şahsyýetini arşa çykarmak köşk dabaralaryny şagalaňly bellemek, Wersalda has owadan şa köşgüni gurmak we ş.m- bularyň ählisi absolýutizmiň dabaralanýanlygyny görkezýän simwol bolmalydy.

Bu döwürde döwletiň esasy serişdeleri uruşlara harç edilýärdi. Lýudowik 14-ň 54 ýyl özbaşdak dolandyran döwrüniň 33 ýýly uruşlarda geçdi. Şeýle bolsa-da ol Ýewropada has agalyk ediji ýurda öwrülip bilmedi. Lýudowik 14-niň döwründäki bolup geçen 4 uruşda ýurduň ilatynyň sany azaldy. Egerde 17 asyryň 4 nji çärýeginde Fransiýanyň ilaty 15 mln gowrak bolan bolsa, eýýam 18 asyryň başynda ol 12 mln töweregi töweregi boldy. Iň agyr uruş Ispan mirasy ugrunda 1701-1714 ýýllar Uruşlar döwletiniň ykdysady ýagdaýyny has gowşatdy. Parižde we Fransiýanyň beýleki şäherlerinde närazylyk ösýärdi. Hökümet näçe alada etsede ykdysady çökgünlik has çuňlaşýardy.

Lýudowik 15

Lýudowik 14 aradan çykan soň tagta Lýudowik 15 geçýär (1715-1774, ol 5 ýaşynda). Hökümetiň esasy wezipesi ýurdy ykdysady çökgünlikden çykarmakdy. Emma tersine maliýe çökgünligi ykdysady çökgünlik öwezini doldurdy. 18 asyryň 40-50 ýyllarda Fransiýa birnäçe uruşlara hem gatnaşdy. Mysal üçin 1740-1748 ýyllarda Awtriýa garşy, 1756-1763 ýyllar 7 ýyllyk uruş Angliýa garşy. XVIII asyryň ortalarynda Fransiýada senagat, söwda, oba-hojalygy uly depgin bilen ösüp başlady. 1790-nji ýyllarda Fransiýanyň ilaty köpelip 26 mln ýetdi, şolaň 84% oba ýaşaýjylarydy. Olara ekerançylyk ýerleriniň takmyndan 40% degişlidi. Şeýle ýagdaýda-da ýurduň ykdysadyýetde-de senagat esasy orun eýeleýärdi. Fransuz senagaty üçin häli gol zähmeti önümçilikde giňden ulanylýardy. Soňraky döwürlerde iri merkezleşen önümçiligi emele gelmegi bilen maşyn önümçiligi ýaýrap başlady. Ol bolsa öz gezeginde umumy fransuz bazarynyň emele gelmegine getirdi. Täze gatnaşyklaryň ýüze çykmagy bilen söwda-senagat toparlarynyň ähmiýeti ýokarlanyp başlady, olaryň ykdysady we sosial ähmiýeti güýçlendi. Emma Fransiýada söwdanyň, senagatyň ösmegi üçin absulýutizm böwet bolup durýardy.

18 asyryň 2-nji ýarymyndan absolýutizme garşy has güýçli toparlar emele gelip başlady. Olaryň has täsirlisi senagatçylardy, pariž parlamentidi. Şeýlelikde 18 asyryň ahyryna Fransiýada absolýutizme garşy senagatynyň, liberal mülkdarlaryň, daýhanlaryň we hakyna tutma işçileriň jemgyýetçilik närazylygy ösüp başlaýar. 18 asyryň ortalaryna fransuz magaryfy has güýçli ösüp başlaýar ideýa akymy hökmünde ony tanymal akyldarlar, ýazyjylar, alymlar döredip başlaýar. Bu döwürde köpsanly ylmyň dürli pudaklaryna degişli sözlükler (600 gowrak), köptomly neşirler “Tebigy taryh” (Býutfon) “Ylymlaryň we senetçiligiň ensiklopediýasy” Didra we D. Alamber (28 tom). Ýurtda (18 as.2ýar) gizlin çaphanalar, gadagan edilen kitaplaryň ambarlary döredilipdi. Oňa seretmezden kitaplar ýokary nyrhdan satylýardy, olary okaýanlaryň sany gün-günden artýardy. Täze döwür barada Wolteriň, Montekýo Russonyň, Didranyň, D’Alamberiniň serleri fransuz ruhy medeniýetiniň has ösenligini görkezýärdi. 18 asyryň 80-njy ýyllarynda absolýutizmiň çökgünligi bilen 1 hatarda Fransiýada söwda senagat çökgünligi hem ýaýrady. Ony 1876 ýylda Angliýa bilen Fransiýanyň arasynda söwda şertiniň baglanşygy has hem çuňdy. Fransuz bazarlarynda arzan iňlis harytlarynyň satylmagy üçin amatly şert döredi.

Lýudowik 16

1788- ýylyň ýazyndan güýçli halk hereketi başlandy, salgyt edaralaryny ýumurmak, mülkdarlaryň ýerlerine çozuş etmek, daýhanlaryň özakymlaýan pitneleri- adaty hadysa öwrüldi. Şeýle çykyşlaryň iň täsirlisi Parižiň işçileriniň çykyşy boldy. Işçiler oňa jogap edip onuň jaýyna we kärhanasyny ýumurýarlar we goşun bilen ýakama-ýaka uruşa girişýärler. Metpugatda çäklendirmäniň ýatyrylmagy uly möçberde kitaplaryň, ýygyndylaryň çap edilmegine getirdi. Ol edebiýatlarda esasan hem täze gatlak hökümünde emele gelen liberal dworýanlar we 3-nji soslowýanyň wekilleriniň öňe sürýän talaplary beýan edilýärdi: Mysal üçin: raýat deňhukuklygy, hukuklaryň we azatlyklaryň erkinligi monarhiýany çäklendirmek we şuňa meňzeşler. 1789-njy ýylda döwletiň karzy 4,5 mlrd franka ýetdi, 1776-nji ýýlda ol 1,5 mlrd frankdy. Şeýle ýagdaýda ýurtda 1614-nji ýýlda ýatyrylan Baş ştatlary çagyrmak talaplary güýçlendi. Ony çagyrmak 1789 –nji ýýlyň ýazyna bellendi. Şäherlerde, obalarda deputatlara berk haýyşlar edilip başlandy. Şol duşuşuklarda 3-soslowýaň, ýagny zähmetkeş köpçüligiň talaplary has ýaňlanýardy. Olar onçakly düýpli syýasy äheňde-de däldi. Mysal üçin: salgytlary azaltmak, käbir önümlerden olary artdyrmak. Dolanyşykda ilkinji gezek konstitutsiýa sözi ulanylyp başlandy. Bu döwürde häkimiýete gelen Lýudowik 16 (1774-1792ý) ýokardaky talaplary kanagatlandyrmak üçin ol hökümetdäki senagaty, söwda maliýe ulgamyna gözegçilik etmek üçin şweýser bankiýa Nekžeri işe çagyrýar. Ol aram reformalaryň tarapdary.

Deputatlar iýun aýynyň 17-de geçirilen mejlisde özlerini milli ýýgnak diýip yglan etdiler. 400 deputat ol teklibi goldady, 90 garşy. Ýýgnak şeýle hem eger-de milli ýygnak dargadylsa salgyt döremezligi karar etdi. Şo ýygnagy ýapmaklyk barada buýruk berdi we ony goramak üçin goşun goýdy. Iýun aýynyň 20-de irden Milli ýygnagyň deputatlary gapdaldaky otaga geçip konstitusiýany işläp çykarmaga girişdiler. Şeýlelikde, iýul aýynyň 9-da Milli ýygnak özüni dörediji ýygnak hökmünde ykrar etdi. Fransiýada rewolýusion hereket başlandy. Şa Pariže goşun girizmäge synanyşdy, emma ol başa barmady. Iýun aýynyň 11-12-de halk köpçüliginiň goşun bilen çaknyşygy güýçlenýärdi. Iýun aýynyň 14-I halk maýýplaryň öýüne girip şol ýerde saklanýan ýaraglary eýeledi. Ondan soň köpçülik Bastiliýa galasyna tarap ýöredi, ol ýerde syýasy tussaglar bardy. Halk galanyň komensdantyndan ýarag talap etdi. Emma komendant boýun gaçyrdy. Şonda parižliler we olara goşulan fransuz goşunynyň esgerleri Bastiliýany zabt edip, ony eýelediler. (Galanyň komendant markizde Loneniň kellesi aýrylyp, ony ýaýyň ujuna ildirip şähere äkidýärler). Baştiliýany basyp almaga käbir maglumatlar boýunça 662 adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda 426 sanysy ownuk söwdagärler we senetçiler, 149 ussa kömekçileri we işçiler, 17-esger, 4-telekeçi, 5-gullukçy, 1-mugallym. Bastiliýanyň eýelenmegi bilen bütin Fransiýa boýunça köpçülik aýaga galdy. Ýurtda hakyky häkimiýet Dörediji ýygnagň eline geçdi.

Dörediji ýygnak 1789-njy ýýlyň awgust aýynda 2 sany möhüm kanun çykaryjy karar kabul etdi. 1-si soslowiýeleýin aratapawut ýatyrylýardy 2-si döwlet salgytlaryny tölemek boýunça kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi girizilýärdi. 1789-njy ýylyň awgust aýynyň 26-da ýygnak “raýat hukuklarynyň Deklarasiýasyny kabul etdi. Onda halk özygtyýarlygy prinsipi (ykrar edilýärdi) kanunyň öňünde hemmeleriň deňhukuklygy, adamyň howpsuzlygy, onuň sütme garşylyk görkezmegine hukuk, söz metbugat wyždan azatlyklary berilýärdi. “Deklorasiýanyň” ahyrky 17-nji maddasynda hususy eýeçilige bolan hukuk eldegilmesiz diýilip bellenilýärdi. Fransiýada rewolýusiýa ýaýbaňlanýardy, emma ýurduň ykdysady ýagdaýy gowulananokdy. 1791-nji ýýlda sentýabr aýynda dörediji ýýgnak konstitusiýany işläp çykardy. Konstitusiýa boýunça Fransiýada konstitusion monarhiýa yglan edildi. Kanun çykaryjy ýygnaga, ýerine ýetiriji mirasdüşer monarha (şa) we onuň bellän ministrlerine berilýärdi.fransiýa 83-deportamente bölünip şäherlerde we obalarda saýlawly Munisipalitetler döredilýärdi. Şeýlelikde, Dörediji ýygnak ýurtda barly toparlaryň sosial we syýasy agalygyny tassyklady. Bu ýagdaý rewolýusiýanyň lagerinde sosial-syýasy bölünişigiň başlanmagyna getirdi.

3-nji soslowiýeda köpçülik we radikal buržuaziýa bileşip rewolýusiýanyň dowam etmegi ugrunda çykyş edip başlady. Şol bir wagtda rewolýusiýany saklajak güýçleriň barlygyny hem bellemeli. Fransiýada rewolýusiýa 1792-nji ýylyň awgust aýynyň 10-da başlandy. Şol gün kanunçykaryjy ýýgnak Lýudowik 16-ň häkimliginiň bes edilýänligi barada karar kabul etdi hem-de milli konwentiň çagyrylmagyny karar etdi. Milli konwent 1792-nji ýylyň awgust aýynyň 20-de ýygnandy. Konwente 783 deputat saýlandy, şolaryň 34-si bakna ýurtlardandy. Konwent awgust aýynyň 21-de Fransiýada şa häkimiýetiniň ýok edilendigi barada karar kabul etdi. Sentýabr aýynyň 23-de Fransiýa respublika diýlip yglan edildi. 1793-nji ýýlyň ýanwar aýynyň 21-de şa Lýudowik 16 jezalandyrylyp öldürildi. Ýokabinçiler häkimiýete 1793-nji ýylyň 31 maýynda geldi. Ol Fransiýa üçin agyr şertlerde häkimiýete geldi, sebäbi ýurtda dürli toparlar häkimiýet ugrunda göreşýärdiler. Ýokabinçiler topary ýurduň ykdysadyýetini gowulandyrmak üçin birnäçe çäreleri amala aşyrdy. Mysal üçin daşary ýurtlaryň ýerlerini satmak, umumy ýerlerini paýlamak, gündelik zerur harytlara berk nyrh kesgitlemek. Ondan başgada ýakabinçiler Fransiýanyň täze konstitusiýasyny taýýarlady. Konwent ony 1793-nji ýýlyň iýun aýynyň 29-da kabul etdi. Emma ýakabinçiler toparynda 1794-nji ýylyň ýazyndan agzalalyk döräp başlaýar. Netijede 1794-nji ýýlyň iýul aýýnda Ýakabinçileriň häkimiýeti ýok edilýär. Onuň deregine ýakabinçilerden arassalanan konwent işläp başlaýar. Oňa taryhda termidorian agdarylyşygy-öwrülişigi diýilýär. Ol rewolýusiýanyň yza çekilenligini geljekde Fransiýada Napoleon Bonapartyň imperiýasynyň döredilmegine getirdi.

Konwentde dilleşik taýýarlanýardy. Onda esasy roly rewolýusiýa döwründe baýlaşan Konwentiň agzalary, Talýen, Barras we ş.m-di.8 termidar iýun aýynyň 26-sy 1794 ýýlda Robespýer Konwentde çykyş edip, öz tarapdarlaryny hüşgärlige çagyrdy we ýygnakdan soň öýüne gitdi, emma dildöwşüge gatnaşyjylar galdy. 9 termidar Konwentiň mejlisi öz içini dowam etdi. Robespýeriň garşydaşlary ony we onuň toparyny häkimiýete hatyplyk edenler hökmünde aýýpladylar. Şol wagt hem mejlise gatnaşyjylaryň biri Robespýeri tussag etmegi talap etdi. Ony konwentiň agzalarynyň köpüsi goldady. Netijede Robespýer, onuň dogany Ogýusten we beýlekiler etdi. Netijede Ýakobinçiler häkimiýeti doly ýok edilýär. Ýakobinçilerden (häkimiýet) Direktoriýa Lambardiýa, Sizalpini Liguriýa respublikalaryny Fransiýa garaşly etdi. Soň fransuz goşunlary Rime we Neapala girdi. Wenesiýaň döwleti aýratyn respublika hökmünde ýaşamagyny bes etdi. Şeýlelikde Fransiýa gysga wagtyň içinde Şwesariýanyň 1 bölegini, Pýemont, Reýniň çep kenary, Belgiýany, özüne birikdirdi. Emma Fransiýanyň Baş duşmany hökmünde häli Angliýa galýardy. Şonuň üçin hem Fransiýa ilki bilen Angliýanyň baknalyk kuwwatyny gowşatmak maksady bilen N.Bonapartyň baştutanlygynda Müsüre goşun iberýär. Napoleonyň goşunlary Müsür peramidasynyň eteginde (1798ý iýul aýynyň 20-i). Müsür goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Bu ýeňişden ruhlanyp Fransuzlar Siriýa garşy ýöriş edýärler. Bu ýerde fransuz goşunlary uly heläkçilige duçar bolýar. agyz suwuň ýoklugy maleriýa fransuz esgeriniň müňlerçesiniň ýok bolmagyna getirýär. 1797-nji ýýlyň awgust aýynyň 1-de admiral Nelsonyň baştutanlygyndaky iňlis floty Abukeriň eteginde fransuz goşunynyň derbi-dagyn edýär. Bu ýagdaý Fransiýa garşy bileleşigiň emele gelmegini tizleşdirýär. Onuň düzümine Angliýa , Russiýa, Türkiýe, Neopolitan döwleti Awstriýa girdi. Şeýlelikde Ýewropada uruş täzeden başlanýar. 1799-njy ýylyň ýazynda Germaniýada fransuz goşunlary çym-pytrak edilýär. Italiýadan fransuz goşunlaryny feld marşal Suworowyň baştutanlygyndaky rus goşunlary kowup çykardy.

Umuman Napoleon Banapartyň hereketleri Direktoriýanyň alyp barýan syýasatyna ters gelýärdi. Arassalan konwent işläp başlaýar. Fransiýa indi täze ýola Termidarýan konwenti döwründe geçip başlaýar, termidorian öwrülişigi rewolýusiýanyň aşak gaçmagynyň başyny başlady. 9-termidardan soň häkimiýet doly konwentiň eline geçýär. Onda maliýeçiler, täze mülkdarlar agdyklyk edýärdi. Termidorian konwenti iýun aýynyň 27-i 1794 ýýldan Garaşlyk aýynyň 26-sy, 1795 ýyl aralygynda işledi. 1795 ýylda Termidorian konwent Fransiýanyň konstitusiýany kabul edýär. Konstitusiýa boýunça konwentiň deregine ýaşulylaryň maslahaty we 500-ler maslahaty döredildi. Bu 2 palata kanunçykaryjy hukuklydy. Kanun çykaryjylar Direktoriýany saýlaýardy. Ol hem 3 direktordan ybarat bolup durýardy. Direktoriýanyň düzümi onuň işlän döwründe birnäçe gezek täzelenip durýardy, ýöne onuň ähli dolandyran döwründe şäher we oba adamlarynyň ýagdaýy agyrlygyna galýardy. Direktoriýa ýyllarynda Fransiýa frontlarda ýeňiş gazanýardy, sebäbi rewolýusiýa ýyllarynda ýaragly güýçler uruşyň täze usullaryny özleşdirendir. Emma uruşyň häsiýeti Direktoriýa ýýllarynda birden üýtgedi: ýagny Fransuz rewolýusiýany goramak ugrunda başlanan uruş 1797 ýyldan keseki ýurtlary basyp almaga gönükdirilen urşa öwrüldi. N. Banapart Demirgazyk Italiýadaky fransuz goşun bölümine baştutanlyk edip italýanlary we awstriýalylary uly ýeňlişe duçar edýär. Awstriýalylary Italiýadan çykaryp şonuň üçin hökümýetde-de, Parižde-de, tutuş ýurtda-da närazylyk güýçlenýärdi. Emma N.Banopartyň tarapdarlary Direktoriýada-da, Parižiň hökümet tarapynda-da agdyklyk edýärdi. 1799-nji ýýlyň noýabr aýynyň 9-de Napaleon özüniň dogany Lýusýon Banapartyň ýakyndan goldamagy bilen Fransiýanyň 1-nji konsuly edilip bellenýär, ouň elinde bütin häkimiýet jemlendi.

Napoleon Bonapart

18-nji brýumer döwlet agdarylyşygyndan soň Napoleon häkimiýeti ýuridiki resmileşdirmäge howlukdy. Täze konstitusiýa kabul edildi. 3 mln-dan gowrak fransuz onuň kabul edilmegi üçin ses berdi, 1,5 müň garşy. Saýlaw polisiýanyň nazary astynda geçirildi. Täze konstusiýa boýunça Fransiýa respublikalygynda galdy. Emma bütin häkimiýet 1-nji konsulyň elinde jemlenipdi. Konstitusiýa boýunça 1-nji konsul goşunyň baş serkerdesi, ol kanun çykaryjy häkimiýetiň ähli edaralarynyň agzalaryny belleýärdi. Konsul deportamentleriň başynda duran protektleri özi belleýärdi. Ministrler hem 1-nji konsul tarapyndan bellenýärdi. N.Bonapart ol adaty şahsyýet däldi. Zehinli goşunbaşy, ussat guramaçy ol rewolýusiýanyň gazananlaryny ýok edip bolmaz diýip belleýärdi. Öz şahsy häkimligini dikeldip Napaleony esasan hem rewolýusiýa ýýllarynda baýlyk we ýer edinenler goldaýardylar. Teňňelerde onuň şekili zikkelenýärdi. 1802-nji ýýldan başlap Napaleonyň doglan güni milli baýram edilip bellendi. 1802-nji ýýlda geçirilen referendum boýunça ol ömürlik konsul, onda-da özüne mirasdüşeri bellemek hukugy bilen saýlanylýar. Napoleon buthananyň ähmiýetine gowy düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol 1801-nji ýýlda rim papasy bilen gepleşip, dini baýramlary dikeldýär. 1804-nji ýýlda Napoleon dabaraly ýagdaýda täç geýdirilýär. 1804,1808, 1811-nji ýýllarda Raýat, kommersiýa we Jenaýat kodeksleri çap edilýär, olar “Napoleonyň kodeksleri” adyny alýar. Kodeksler raýat gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak we hususy eýeçiligiň eldegirilmesizligini goramaga gönükdirildi. Olar Fransiýada erkin bäsleşigiň, öndüriji güýçleriň ösüşi üçin şert döredýärdi. Emma kodekslerde ölüm jezasy, ten jezasy baradaky maddalar, şoň ýaly hem aýallaryň hukuksyzlygy baradaky ýagdaýlar saklanyp galýardy. Umuman alanyňda kodeks Fransiýa ykdysady ösüşine mümkinçilik döretdi.

Özüniň daşary syýasatynda Napoleonyň maksady Fransiýanyň Ýewropada ykdysady we syýasy agalygyny üpjün etmekdi. Onuň üçin Napaleonda doly mümkinçilik bardy. Sebäbi bu döwürde fransuz goşuny Ýewropada 1-nji goşundy, onuň serkerdeleri başarjaň we sowatlydy Napaleonyň özi bolsa tanymal goşunbaşy we görnükli döwlet işgäridi. Napoleonyň ähli goşunlary fransiýa garaşly ýurtlarada degişlidi. Ol şol ýurtlaryň başynda öz dogan-garyndaşlaryny belleýärdi, garaşly ýurtlaryň köpüsi Napoleonyň girizýän täzeliklerini uly höwes bilen goldaýar. Emma Napoleonyň syýasatyna Angliýa, Awsrtiýa, Russiýa, Prussiýa garşydy. 1805-nji ýýlda güýzde uruş hereketleri ýaňadan başlanýar. Ol gysga wagtyň içinde Fransiýa, Awstriýany, Italiýany, Golland, Prussiýany basyp alýar. Indi Napoleonda ýeke-täk duşman ol hem Angliýa galypdy. Napoleon Angliýany ykdysady gabawa almagy wezipe edip goýýar. Şol maksat bilen ol Angliýa bilen ähli gatnaşyklary bes etmäge özüne garaşly döwletleri borçly edýär. Emma iňlis hökümeti oňa jogap edip neýtral suwlarda fransiýanyň söwda gämilerini basyp alýar hem-de ähli fransuz gämi duralgalaryny gabawa salýar. Şeýle ýagdaýda iňlis harytlaryna bolan isleg Russiýada-da hat-da fransiýada-da kanagatlandyrylmaýar. Ýewropa ýurtlary, şol sanda Russiýa gabaw bilen ylalaşmaýardy. Gabaw fransiýa – russiýa gapma-garşylyk has ýitileşdi. Prussiýa derbi-dagyn edilen soň hem Fransiýa bilen Russiýanyň arasynda uruş dowam edýärdi. 1807-nji ýýlda gündogar Prussiýada bolan söweşde fransuzlar ýeňiş gazandy.

1807-nji ýylyň iýul aýynyň 7-de Tilzitde Neman derýasynyň kenarynda 2-imperator, ýagny Napoleon bilen Aleksandr 2-ň duşuşygy bolup, onda ýaraşyk we ýaranlyk barada şertnama baglaşylýar. Şonda Russiýa Ýewropada Fransiýanyň peýdasyna bolup geçen ähli özgerişler bilen razylaşýar we Fransiýa bilen Russiýanyň arasynda Angliýa garşy ýaranlyk baglaşylýar. Emma ol ýaraşyk wagtlaýýndy. Napoleon indi dünýä agalygy ugrunda uruşlara taýýarlanýardy. Napoleon Russiýa garşy ýörüşe taýýarlanyp onuň serhetlerinde ýarym milliondan gowrak fransuz, prus, awstriýa goşunlary jemlenipdi. 1812-nji ýylyň 24-nji iýunynda geçilen gije Napoleonyň goşunlary Russiýa garşy uruşa girişdi. Ol uly söweşlerden soň Moskwa ýakynlaşypdy. Onuň etegindäki Borodino obasynda 7 sentýabrde şol döwrüň uly söweşlerinden biri bolup geçdi. Güýçler şeýledi: ruslar – 120 müň töweregi, fransuz goşunlary –135 müň töweregi. Borodino söweşi netijesinde Napoleonyň goşunynyň 58,5 müň adamy heläk bolýar. Ruslar takmyndan 41 müň adam ýetirýär we Moskwa tarapa yza çekilýär. 14 sentýabrda basyp alyjylar Moskwa girýärler we onda 1 aý 4 güň bolýarlar. Oktýabr aýynyň 18-de 1812-nji ýýlda olar Moskwadan çykmaga mejbur bolýarlar. 1812-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Russiýanyň çäklerinden bary-ýogy 20 müňe golaý fransuz esgerleri çykyp gidýär. 1813-nji ýylyň ýazynda Fransiýa garşy Russsiýa, Angliýa, Ispaniýa, Portugal, Prussiýa, Şwesiýa, Awstriýa döwletleri bileleşik döredýärler. Olar Napoleon goşunlary doly derbi-dagyn etmegi ylalaşýarlar.

Lýudowik 18

1814-nji ýýlyň mart aýynyň 31-de bileleşigiň goşunlary Pariže girýärler. 30 maýda Fransiýada döredilen wagtlaýyn hökümet Taleýranyň ýolbaşçylygynda ýaran döwletleriň wekilleri bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýýklykda Fransiýa 1792-nji ýýlda serhetlerine gaýdyp gelýär. Senat Napoleonyň deregine şa edip Lýudowik 18-I belleýär. 1814-nji ýýlda Lýudowik 18-I Fransiýada konstitusion manarhik dikeldilýändigini yglan edýär. Emma napoleon Elbada gizlenýärdi. Ol Fransiýadaky özgerişlerden habarlydy. 1815-nji ýýlyň mart aýynyň 1-de ol özüne wepaly 1000 esger bilen Fransiýanyň günorta kenarynda goşun düşürýär we 3 hepdeden soň Pariže girýär we öz häkimligini dikeldýär.

1815-nji ýýlyň iýun aýynyň 18-i Napoleon özüniň iň soňky ýörişini Belgiýa garşy başlaýar. Brýuseliň golaýynda Waterloa diýen ýerde uly söweş bolup Napoleonyň özi bolsa iňlislere ýesir düşýär hem-de 1821-nji ýýlyň maý aýynda sürgün edilen ýerinde aradan çykýar. Wena kongressi 1814-nji ýýlyň sentýabr aýynyň 1-den 1815-nji ýylyň iýul aýynyň 9-na aralygynda bolup geçýär. Oňa 4 döwletiň wekilleri (Russiýa, Awstriýa, Prussiýa, Angliýa) gatnaşýar. Kongressiň esasy maksady Ýewropada bolup geçen üýtgeşikleriň syýasy netijesini ýok etmek ýagny Napoleon ugurlaryny ýazgarmak. Wena kongessine gatnaşyjylar özara şertler ulgamyny baglaşmak arkaly halkara meseleleri çözmegi karar etdi. Bu diplomatik ulgam XIX asyryň I ýarymyna çenli saklandy. Kongresse gatnaşyjylar ilki bilen Fransiýany gowşatmak we onda geljekde Napoleon imperiýasynyň dikeltmegiň ýol bermezlik barada birnäçe çäreleri kesgitledi. Wena kongressi öz garaýşy boýunça Ýewropanyň kartasyny täzeden kesgitledi.

Fransiýanyň töwereginde birnäçe döwletler emele geldi. Mysal üçin baý we ösen Belgiýa gowşak Gollandiýa bilen birlşdirip Niderlandiýa şalygyny emele getirdi. Polşa boýunça Russiýa, Prussiýa we Awstriýa döwletleriniň arasynda paýlaşyldy. Finlandiýa we Bessorabiýa Russiýanyň ygtyýarynda galdy. Italiýa, Sardiniýa şalygy Genul, Wenesiýa we Lambardiýa gaýtarylyp berilýärdi. Prussiýa, Reýn oblasty Westdaniýa, Pomeraniýa birikdirildi. Norwegiýa Daniýadan alnyp Şwesiýa birikdirildi. Şwesariýanyň araçäkleri giňeldilip kongressiň karary bilen oňa hemişelik bitaraplyk statusy berildi. Wena kongressiniň kararlary Ýewropada dworýan-monorhistik häkimiýetiniň güýçlenmegine getirdi. Ol bolsa ilki bilen başlanan rewolýusion we milli özbaşdaklyk hereketini basyp ýatyrmaga gönükdirildi. Şol maksat bilen hem Ýewropa döwletleriniň hökümetleri öz aralarynda mukaddes soýuzy baglaşdyr.

Şarl De Goll

Ikinji jahan uruşy ýyllarynda Fransiýa 4-ýyl faşistik Germaniýanyń gol astyndady. Bu döwürde ýurduń ykdysadyýeti we maliýe durmuşy doly diýen ýaly dargapdy. Ikinji jahan urşyndan soń emele gelen wagtlaýyn hökümete Fransiýanyń milli gahrymany general Şarl De Goll baştutanlyk etdi. Uruşdan sońky ýyllarda ýurduń ykdysadyýetiniń uiy depgin bilen ösmegi 1948-nji ýylda ony uruşa çenli döwürüń derejesini ýetirdi. Ol ösüş şol sanda kärhanalary hususy eýelerinden satyn almagynyń esasynda üpjün edildi. Ýurduń syýasy durmuşyndan 1945-nji ýylyń oktýabrynda esaslandyryjy ýygnaga saýlawlar geçirildi. Şol ýygnak hem ýurduń konstitutiýasynyń taslamasyny işläp düzdi. Bu taslama De Goll parlamentiń hasabyna ýurduń prezidentiniń ygtyýarlykla-ryny has gińeltmek maddasyny teklibini goşdurjak bolýar, emma ol geçmeýär, soń üçin hem De Goll 1946-njy ýylyń ýanwarynda wezipesinden gidýär. 1946-njy ýylyń konstitutiýasy Fransiýany halkyń özbaşdaklygyna esaslanan respublika diýip yglan etdi. Konstitutiýa şonuń ýaly hem jynsyna, milletine, syýasy ykdykatyna, dini garaýşyna seretmezden ýurduń ähli raýatlaryna deńhukuklylyk berýärdi. Konstitutiýa ýurduń parlamentiniń 7-ýyl möhlet bilen Fransiýanyń prezidentini saýlamaga hukuklydygy barada madda girizildi. Şeýlelikde Fransiýanyń konstitutiýasynyń 1946-njy ýylyń 24-nji dekabrynda resmi ýagdaýda güýje girmegi 4-nji respublikanyń döredilendigini ańladýardy. Ikinji jahan uruşy Fransiýanyń ykdysadyýetine kesgitli zyýan ýetirdi. 1945-ýylda uruşdan öńki döwür bilen deńeşdirilende ýurduń senagat önümçiligi 38%, oba hojalygy 50% aşak gaçypdy. Ýurt senagat enjamlaryna, çigmala, azyk önümlerine mätäçlik edýärdi, 100 müńden gowrak ownuk senagat we söwda kärhanalary dargapdy. Umuman, Fransiýanyń ykdysadyýeti uruş zerarly has gowşapdy.

Ikinji jahan urşynyń ahyrynda Fransiýanyń syýasy durmuşynda hem birnäçe üýtgeşikler bolup geçdi. 1944-öńki halk demokratlary katolik partiýasynyń deragine, halk respublikan hereketi (HRH) döredildi. Jon Bido, De Monton we beýleki katolik wekilleri onuń ilkinji ýolbaşçylarydy. Ondan başga-da 1946-ýylda degolçylaryń soýuzy hem esaslandyryldy. Ol general De Gollyń tarapdarlaryndan ybaratdy. Ol gurama güýçli döwlet häkimýetli respublikany döretmegi esasy wezipe edip goýdy. De Gollyń ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümet özüniń içeri we daşary syýasatynda ilki bilen dolandyrmagyń öńki ulgamyny dowam etdirmäge çalyşýardy, şol maksat bilen De Goll hemişelik goşuny we serkerdeler bölümini döretdi. Hökümet şeýle hem ýurtda birnäçe durmuş özgertmelerini geçirdi. Mysal üçin: zähmet iş hakyny ýokarlandyrmak, köpçagaly maşgalalara berilýän pul serişdeleriń möçberini artdyrmak we beýleki çäreler geçirildi. Uruşdan sońky ilkinji ýyllarda Fransiýa özüniń daşary syýasatynda antifaşistik bileleşige girýän ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlyk ugruny alyp barýardy. Şonuń ýaly hem Fransiýa BMG-nyń hawpsuzlyk Söwetine agza bolup girdi. Fransiýa şol bir wagtyń özünde Germaniýa we onuń ykbaly meselesine uly üns berýärdi, sebäbi ol Saary we Reýniń çep kenaryny almagy hem-de Germaniÿadan Rur welaÿatyny bölüp almagy umyt edÿärdi. Uruşdan soňky ilkinji ÿyllarda Fransiÿa umuman aÿdylanda ABŞ, Angliÿa ÿaly döwletler bilen ÿakyn gatnaşykdady, şeÿle hem oňa “Beÿik” döwlet statusyny saklap galmak başartdy.

Fransiÿanyň öňünde ýurduň ykdysady dikeldilişini we demokratiÿany ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durÿardy. 1945-nji ÿylyň 24-nji oktÿabrynda Fransiýada dörediji ýygnaga saÿlawlar geçirildi. Saýlawyň netijesinde general De Gollyň ýolbaşçylygynda ylalaşykly (koalision) hökümet döredildi, onuň düzümüne FKP-ndan-5 adam, FSP-ndan-5 adam halk respublikan hereketi partiýasyndan-5 adam we De Gollçylardan-6 adam girdi. Hökümeti düzýän ähli partiýalar özara ylalaşyp ýurduň esasy banklaryny, ätiýaçlyk kompaniýalary, senagatyň esasy pudaklaryny millileşdirmegi hödürlediler. Ondan hem başgada olar ýurduň durmuş -ykdysady ösüş meýilnamasyny düzmegi, demokratik azatlyklary kepillen-dirmegi, durmuş ätiýaçlygynyň ulgamyny gowulandyrmagy ylalaşdylar. Emma tiz aralykda hökümetiň baştutany bilen dörediji ýygnagyň esa-sy böleginiň arasynda gapma-garşylyk döräp 1946-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda general De Goll wezipesinden gidýär. Şondan soň hökümete ilki sosialist F.Guýen, soňra HRH partiýasynyň lideri Jon Bido ýolbaşçy-lyk edýär.

Dünýädäki täze ýagdaýlar, ykdysadyýeti dikeltmek zerurlygy ýurduň maýa goýumlarynyň esasy böleginiň senagata goýberilmegini talap edýär-di. Şol işiň amala aşyrylmagy netijesinde 1948-ýylda Fransiýanyň senagat önümçiliginiň görkezijileri uruşdan öňki döwründäkisinden geçdi. Fransiýanyň ykdysady ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem döwle-tiň garamagyndaky ýylda 51-den-100-e çenli işleýän adamly kärhanalar 50,7 müňe ýetdi. 1947-nji hökümet “Monne meýilnamasyny” makullady, onuň mazmuny esasan hem ykdysadyýet “maksatnamalaýyn” esasda ösdüril-melidi. 1947-1958-ýyllar aralygynda Fransiýada senagatyň täze pudaklary ösüp başlady.Mysal üçin:gaz we nebit öndürmek, nebiti gaýtadan işlemek, atom, elektron, himiýa we ş.m. Bu döwürde hökümetiň goldamagy bilen we daşary ýurt maýa goýumdarlarynyň hasabyna Yurduň esasy kapitaly täzelendi. Şeýle hem Fransiýa XX-nji asyryň 50-nji ýyllarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetini biri-birine ýakynlaşdyrmak hereketine işeňňir goşuldy. 1957-ýylda ÝYB-ne /Ýewropa Ykdysady Bileleşigi/-agza boldy, bu bolsa ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm waka boldy.

1958-nji ýylda /aprel/ Fransiýada täsirli syýasy çökgünlik emele gel-di, ol 5 hepde dowam etdi. Emele gelen ýagdaýdan çykmak üçin ýurduň maliýe-ykdysady ulgamynyň täsirli güýçleri general De Golly häkimýet başyna getirmegi karar etdi, sebäbi ýurtda güýçli syýasy düzgüniň we ýerine ýetiriji häkimýetiň zerurlygy ýüze çykdy.1958-nji ýylyň 1-nji iýunynda Milli ýygnagyň esasy köplügi De Golly döwletbaşy wezipesine belledi. 2-nji iýunda De Goll adatdan daşary ygtyýarlyklar alyp Milli ýygnaga dargatdy we ýerine ýetiriji häkimýetiň täsirini güýçledirmek üçin çäreler geçirip başlady. Bu ugurda ilkinji ädim höküminde ýurduň täze konstitusiýasyny işläp çykarmak boldy, täze konstitusiýa esasan hem par-lamentiň hukuklaryny çäklendirip, prezidentiň häkimligini güýçlendirme-lidi. 1958-nji ýylda 28-nji sentýabrynda saýlawçylaryň referendumy bo-lup, onuň netijesinde 17,7 mln.adam (79,25%) täze konstitutiýany golda-dy. Täze konstitutiýa laýyklykda respublikanyň prezidentiniň we höküme-tiň ygtyýarlyklary has giňeldildi, onuń tersine parlamentiń kanunçykarmak hukuklary ep-esli kesildi.Ýöne täze konstitutiýada 1946-ýylyń konstitutiýasynda görkezilen esasy raýat hukuklary we azatlyklary saklanyp galýardy.

1958-nji ýylyń 30-noýabrinde geçirilen parlament saýlawlarynda “Täze respublikany goramak” partiýasy 189 deputatlyk ýer alyp De Goll parlamintde özüne goldaw tapdy. 1958-ýylyń 21-dekabrynda Şarl De Goll Fransiýanyń prezidenti edilip saýlandy. XX-nji asyryń 60-njy ýyllarynda Fransiýada Ylmy tehniki rewolýusiýa ösüp başlady. Ol esasan hem üznüksiz önümçiligi awtomatlaşdyryp, elektron hasaplaýyş maşynlaryny ornaşdyrmaga giń mümkinçilikler emele geldi. Őzüniń daşary syýasatynda general De Goll Fransiýanyń özbaşdak we garaşsyzlygy ugruny kesgitledi. Umuman, De Goll ýurdy dolandyran 10-ýylynyń (1958-1968) dowamynda Fransiýanyń ykdysadyýetinde zähmet öndürijiligi has ösdi,emma şol bir wagtda hakyky iş haky bolsa haýal ýokarlanýardy. 1968-nji ýylyń maý-iýunynda Fransiýada syýasy çökgünlik tutaşdy hem-de bütin ýylyń dowamynda hökümete garşy köpçüligiń çykyşlary ösüp başlady. Netijede 1969-ýylyń aprelinde prezident De Goll wezipesinden gitdi. 1969-njy ýylyń iýunynda bolup geçen saýlawlarda Źorź Pompidu Fransiýanyń prezidenti edilip saýlandy. Prezident Pompidu özüniń syýasatyny “miraslylyk we gepleşik” diýen sözler bilen kesgitledi, bu onuń general De Golluń syýasatyny dowam etdirjeklidini, emma şol bir wagtda sagçy toparlaryń wekilleri bilen hem gepleşige we ylalaşyga taýardygyny ańladýardy. Özüniń içeri syýasatynda fransuz hökümeti ýurtda “täze jemgyýeti” guramagy maksat edinip, onuń mazmuny önümçilikde işleýän adamlary ony dolandyrmaga çeklemeklikden ybaratdy. Emma 1974-ýylyń baharynda Ź. Pompidunyń tarpa-taýyn aradan çykmagy, prezidentlik saýlawlaryny möhletinden öń geçirilmegine getirdi.

Waleri Źiskarg Esten

1974-ýylyń maýynda Waleri Źiskarg Esten Fransuz respublikasynyń prezidentligine saýlandy. Źak Şirak ýurduń premýer-ministrligine bellendi. Täze hökümetiń öńündwe 1974-1975 ýyllaryń kynçylyklarynda çykmak wezipesi durýardy, ilki bilen ýurduń ykdysady durmuşyny janlandyrmak maksatnamasy kabul edildi. Umuman 70-nji ýyllarda geçirilen çäreler ýurduń ykdysadyýetini belli bir derejede gowulandyrdy. 70-nji ýyllarda Fransiýa esasan hem De Gollyń daşary syýasat ugruny dowam etdirdi. Fransuz hökümeti Israýylyń ýakyn Gündogarsda basybaljylykly hereketlerini ýazgaryp çykyş etdi, amerikanlaryń Wýetnamdaky uruşyny bes etmek ugrunda aýgytly çykyş etdi. Fransiýa soń ýaly hem 1975-ýylyń awgustynda Helsinkide umumy Ýewropa howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşdy. Umuman, 70-nji ýyllarda Fransiýanyń daşary syýasat ugry esasan hem halkara dartgynlygyny gowşatmaga gönükdirilipdi. Fransiýada durmuş-syýasy gapma-garşylyklarynyń ýitileşmegi esasan hem 1981-nji ýylyń prezident saýlawlarynyń öńisyrasynda bolup geçdi. Hökümetiń ýokary gatlaklarynda-da, toparlarda-da güýçleriń mynasybeti üýtgäp başlady. Mysal üçin: Fransuz demokratiýasy ugrundaky soýuz prezidentlige W.D. Esteni, respublikany goldamak birleşmesi Ź. Şiraky, fransuz sosialistler partiýasy F.Mitterany görkezdiler.

F. Mitterra

1981-nji ýylyń 10-njy maýynda geçirilen prezident saýlawlarynyń netijesinde F.Mitteran ýeńiş gazandy. XX-nji asyryń 80-nji ýyllarynda fansuz hökümetiniń geçiren çäreleriniń netijesinde ýurduń /8 banky, 2 maliýe we 5-iri firmalary hem-de demirmagdan we harby kärhanalar döwletiń garamagyna geçirildi. Netijede döwletiń garamagyna ähli bank kreditleriniń 75% geçdi. Ýurduń syýsy durmuşunda hem birnäçe reformalar geçirildi. Hökümet döwlet howsuzlyk suduny gadagan etdi, ölüm jezasy aýryldy, onuń deregine ömürlik azatlykdan mahrum etmek girizildi, Ýeńiş baýramy (9 maý), halkara aýallar güni (8 mart) baýramçylyk günleri diýlip yglan edildi. Umuman, geçirilen çäreler fransuz jemgyýetinde demokratiýany, erkinligi ösdürmäge täsir etdi. F.Mitteranyń 1988-nji ýylyń ýene-de 7-ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagy onuń hökümetiniń daşary syýsat meselelerine belli bir derejede seresaplyk bilen, çemeleşmegi talap etdi. Esasan hem 80-nji ýyllaryń ahyry 90-njy ýyllaryń başlarynda dünýädäki hem Ýewropadaky bolup geçen üýtgeşmeler fransuz hökümetiniń daşary syýasatyny düýpli üýtgetdi. Döreýän kynçylyklaryń çözülmegini Fransiýa Ýewropa ýurtlarynyń ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygynyń derejesi bilen baglanyşdyrýar. F. Mitteran Atlantikada Urala çenli “Ýewropa öýüni döretmek” baradaky pikiri goldady. Ol Günbatar we Gündogar Ýewropa döwletleriniń ýakynlaşmagynyń ahyrky maksady hökmünde Ýewropa konfederasiýasyny döretmek baradaky pikiri öńe sürdi.

1995-nji ýylyń maýynda Fransiýada nobatdaky prezident saýlawlary geçirilip, onda respublikany goldamak birleşmesiniń lideri Źak Şirak ýeńiş gazandy, hem-de ýurduń prezidenti boldy. Häzirki zaman Fransiýasyndan ilatyń aglaba bölegi şäherlerde ýaşaýar we işleýär. Umumy işleýän ilatyń 6%-den gowragy oba-hojalygynda işleýär, emma bu pudakda häzirki zaman tehnikasynyń we agronomçylyk ylmynyń sońky gazananlarynyń ornaşdyrylmagy, ol pudagyń fransuz ilatyny oba-hojalyk önümlerini bolan islegini doly kanagatlandyrýar. Fransiýada ilatyń işe ýarawly böleginiń 85%-i hakyna tutma adamlar-işçiler, gullukçylar, tehniki intelegensiýa we başgalar. Fransiýa şu gün özüniń ylmy-tehniki üstünlikleri bilen-milli awiasiýany, ultra tizlikli poýezdleri, ýokary hilli PEŹO, sitroýen awtoulaglary bilen dünýä bazarynda öńe çykan döwletdir.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]