Mazmuna geçiň

Muämelät

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Aklar1 (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 04:39, 5 iýul 2023 seneli wersiýa
(tapawut) ← Ozalkysy | Häzirki wersiýany görkez (tapawut) | Indikisi → (tapawut)

Mu'ämelät (arap. مُعَامَلَةٌ‎‎ — söwda). Muämelät yslamda fikh bölümiňiň biridir. Yslamy kabul eden «söwda edýän musulmanlaryň» namazy öwrenenden soňra hökman öwrenmeli ylmydyr.

Zähmet we söwda

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslama görä zähmet çekmek ylym öwrenmek ýaly, farz derejesinde görülýän, örän ähmiýetli, bereketli işdir. Musulmanyň hiç kime mätäç bolmazdan eklenjini halal ýoldan gazanmagy ybadat saýylypdyr. Hezreti Enesiň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz şeýle diýipdir: «Bir musulmanyň oturdan agajynyň, eken ekininiň hasylyndan bir guş, ynsan ýa-da bir haýwan iýse, şol musulman üçin neneň sogaby bolmasyn», (Müslim). Kurany Kerimde bolsa şeýle aýdylýar:

«Ynsan üçin öz zähmetinden, eden işlerinden başga zat ýokdur. Ol zähmetiniň, çeken azabynyň gaýtargysyny geljekde görer. Soňra oňa zähmetiniň gaýtargysy doly berler», (Nejim, 39-41). Musulmanyň zähmeti halal bolmalydyr. Bu oňa farzdyr.

Halal zähmet çekmekde yzzat, lezzet, umyt we keýp bardyr. Ýaltalyk, misginlik ýa-da nebsiň haram islegini kanagatlandyrmak üçin çekilen zähmetde bolsa zillet, gam-gussa, umytsyzlyk, kynçylyk we jähennemiň elemi bardyr. Şonuň üçin halal zähmetiň sylagy jennet, ýaltalygyň we haram zähmetiň netijesi bolsa jähennemdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Hiç kim öz halal zähmeti bilen gazanan lukmasyndan has haýyrly lukma iýen däldir. Allahyň (j.j.) pygamberi hz. Dawut (a.s.) hem öz zähmeti bilen gazanyp iýerdi», (Tejridi Saryhyň terj.).

Gazanç ýollary köpdüp. Yslamda halal gazanjyň ýollary biri-beýlekisinden artyk ýa-da kem görülmändir. Söwda edil dini ýaýratmak ugrunda çekilen zähmet ýaly haýyrly saýylypdyr. Çünki söwda her bir halkyň, ýurduň ösüşine, parahat ýaşaýşyna gönüden-göni täsir edýär. Pygamberimiz hem: «Ynamdar, arassa, dogruçyl hem musulman täjir kyýamat gününde pygamberler, syddyklar we şehitler bilen birlikde dirildiler», (Tirmizi, Ibni Maje, Darimi). diýipdir. Emma güýç-kuwwaty ýerinde, jany sag biriniň dilegçilik ýoly bilen gazanç etmegini yslam haram saýýar. Hatda şeýle kişilere ýardam bermegi hem halamaýar. Bu haram gazanjyň ýoluny arçamakdyr.

Maddy we ruhy ösüşe görä, her döwre laýyklykda gazanç ýollarynyň haýyrly saýylýanlary üýtgeýär. Haýsy döwürde, haýsy gazanç ýollary has zerur bolsa, musulman hem şol ugurda başarnykly bolmalydyr. Dünýäniň ykdysadyýetine gönüden-göni täsir etmelidir. Musulman gaýry dindäkilere bakna bolmaly däldir. Kuranyň beýanyna görä, söwda ahlagy bozulan milletler ýok bolup gider ýa-da başga milletlere bakna bolar. Munuň iň aýdyň mysaly Şuaýb pygamberiň kowumynyň ýer ýüzünden ýok edilmegidir. Şuaýb (a.s.) medýen halkyna şeýle ýüzlenýär: «Eý, kowumym, diňe Allaha gulluk ediň. Çünki siziň Ondan başga taňryňyz ýokdur. Şeýle hem ölçegde we terezide kemterlik etmäň. Men siziň bol-elin ýaşaýandygyňyzy görýärin. Eger beýle etseňiz, sizi gurşap aljak azabyň gelmeginden gorkýaryn. Eý kowumym, ölçeg we terezide dogry ölçäň. Halkyň hakyny iýmäň. Ülkede pitne döredip, bozgaklyk etmäň», (Hud, 84-85).

Şuaýba (a.s.) gulak asmadyk medýen halky Allah tarapyn aýylganç bir ses arkaly ýer ýüzünden ýok edildi, (Hud, 94). Ibni Abbasyň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz ölçeg we terezi ulanýanlara ýüzlenip şeýle aýdypdyr: «Siz bizden öň gelip-geçen kowumlary heläk eden iki işi egniňizde göterýärsiňiz», (Tirmizi). Şonuň üçin söwda bilen meşgullanýanlar örän seresap bolmaly, hile we aldawçylyk edip halal gazanjyny harama öwürmeli däldir.

Söwda we onuň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Gadymdan bäri söwda şu görnüşlerde edilipdir:

1. Harydyň nagt pul bilen söwdasy.

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu söwdada satyş şu görnüşlerde bolýar:

a) Hiç hili peýda görmän, maly öz düşýän gymmatyna satmak. Muňa «tewliýe» diýilýär. Satylyş möwsüminiň tamamlanmagy, pul ýetmezçiligi ýaly sebäpler ýüze çykanda, söwdagär malyny nagt pula öwürmek üçin, şu görnüşde söwda edýär.
b) Maly zyýanyna satmak. Muňa «wezi'a» diýilýär. Kyn güne galan biriniň zyýanyna satýan malyny arzan bahadan almajak bolmalydyr. Eger mümkin bolsa, oňa kömek etmeli, algydar bolsaň, algyň möhletini süýşürmeli.
ç) Görýän peýdaňy aýdyp söwda etmek. Muňa «murabaha» diýilýär. Ýöne alyjynyň şol mala mätäçligini duýup, ynsap çäginden geçmeli däldir.
d) Görýän peýdaňy aýtman, erkin söwdalaşmak. Muňa «müsaweme» diýilýär. Bahalar bazar nyrhy arkaly hem kesgitlenip bilinýär. Bu iň makul söwda görnüşidir. Çünki şeýle ýagdaýda ýalana ýüz urulmaýar. Ýöne mal eýesi müşderiniň bazar nyrhyny bilmeýändiginden peýdalanyp, ony ýokary bahadan satmagy dürs däldir. Müşderi muny soň bilse, söwdany yzyna gaýtaryp bilýär. Şonuň üçin söwdagär satýan malyndan makul peýda görmelidir, halal malyna haram goşmaly däldir.

2. Harydyň haryt bilen söwdasy (barter).

[düzet | çeşmäni düzet]

Munda söwdany ýönekeýleşdirmek esasy maksatdyr. Harydyň haryt bilen söwdasy edilende, harytlar jyns, hil taýyndan deň bolmalydyr we söwda nagt edilmelidir. Şeýle hem harytlar üçünji şahsa degişli – girewine alnan, ogurlanan, talanan mal bolmaly däldir.

3. Puluň pul bilen söwdasy (sarf akty).

[düzet | çeşmäni düzet]

Altyn, kümüş ýa-da walýutanyň biri-biri bilen nagt çalşylmagydyr. Eger nagt däl-de, nesýe edilse, süýthorlyk döräp bilýär. Bu söwdada nähili görnüşdäki pul karz alnan bolsa, wagty gelende şol pul bilen tölenýär. Ýöne iki tarapyň razyçylygynda, şol günki puluň hümmetine laýyklykdaky başga walýuta bilen hem hasaplaşyp bolýar. Muňa laýyklykda, nagt bermek şerti bilen walýuta söwdasyny etmek dürsdür. Köne altyn täze altyn bilen çalşyljak bolsa, ilki köne altyn satylmaly, şol pula hem näçe täze altyn düşse şol alynmalydyr.

4. Puly öňünden berip, harydy soň almak (selem akty).

[düzet | çeşmäni düzet]

Selem aktynyň şertleri şulardyr:

a) pul öňünden nagt berilmeli;
b) ölçenip ýa-da sanalyp satylýan haryt bolmaly;
ç) harydyň görnüşi, hili we tabşyrylmaly wagty öňünden kesgitlenmelidir.

Hili we mukdary anyk kesgitli bolmadyk mallarda selem akty bilen söwda etmek dogry hasaplanmaýar. Sebäbi beýle ýagdaýda bir tarap hökman zyýan çekýär. Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Kimde kim selem aktyny etjek bolsa, ölçegde, ýa-da agramda belli mukdar we belli bir wagt kesgitlesin», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud).

5. Nesýe söwda

[düzet | çeşmäni düzet]

Nesýe söwda harydyň öňünden alnyp, pulunyň soň tölenmegidir. Bu söwdada baha we puluň tölenmeli wagty anyk kesgitlenmeli. Eger az-azdan beriljek bolsa, onuň hem wagty we möçberi belli bolmaly. Kurany Kerimde şeýle diýilýär: «Eý, iman edenler, biri-biriňiz bilen wadalaşyp karz alan wagtyňyz, muny ýazyň», (Bakara, 282). Bu aýat nesýe we selem söwdasyna hem-de karz almak meselesine delil hökmünde görkezilýär. Pygamberimiziň: «Bir söwdada iki şert halal bolmaz», (Buhary, Tirmizi), «Kim bir söwdada iki söwda etse, satýan üçin iki bahada-da ýa zyýan, ýa-da süýthorlyk bardyr», (Ebu Dawud Beýhaky) hadyslaryna daýanyp, nagt alynsa bir baha, nesýe alynsa başga baha goýup haryt satmak dogry hasaplanmaýar. Aradaky tapawut süýthorlyk saýylýanlygy üçin bu dogry däldir. Hadysdan gelip çykýan esasy many: söwda edilen wagty iki bahadan biri saýlanyp alynmadyk ýagdaýynda süýthorlyk bolup bilýär. Nagt ýa-da nesýe söwda ediljekdigi anyklanan ýagdaýynda aradaky tapawut süýthorlyk bolmaz. Çünki nesýe söwdada satýan belli wagt aralygynda almaly puluny almaýar. Nesýedäki bu artykmaçlyk hem şonuň üçindir. Emma bu artykmaçlygyň «gabny fahyş» bolmazlygyna üns bermelidir.

Gabny fahyş (aşa aldamak)

[düzet | çeşmäni düzet]

«Gabn» – söwdada aldamak, gizlemek, saklamak, ýalňyş etmek diýmekdir. Dini taýdan bu söz – bir harydy öz gymmatyndan arzan bahadan satmak ýa-da ýokary bahadan satyn almak diýmekdir. Bu söwdanyň, ýagny gabnyň fahyş we ýesir (aşa we az) diýen iki görnüşi bar.

Gabny ýesir – söwdanyň dürslügine täsir etmeýän, ýöne ondan saklanmak hem mümkin bolmaýan, adaty zat diýlip kabul edilen ýagdaýdyr. Mysal üçin, bazarda 20-22 müň manat aralygynda satylýan bir harydyň 22,5, ýa-da 23 müň manada satylmagy, ýa-da bir kostýumyň bir iliginiň ýoklugy ýaly ownuk kemçilik – aldawçylyk – gabny ýesir saýylýar.

Gabny fahyş bolsa, söwdanyň haýsy görnüşi bolsa-da, özara razyçylyga zyýan ýetirýän, däpde adaty ýagdaý saýylmaýan aldawçylykdyr. Başgaça aýtsak, aldamak niýeti bilen harydy bazar nyrhyndan ýokary bahadan satmaga ýa-da harydy bazar nyrhyny bilmän kyn ýagdaýa düşen müşderiden harydy bazar nyrhyndan arzan almaga – gabny fahyş diýilýär. Bu hem harytda we bahada bolýar. Meselem, 20 müň manatlyk harydy 40 müň manada satmak ýa-da sintetik matadan tikilen eşigi ýüň matadan diýip satmak gabny fahyşdyr. Ýöne bazar nyrhy entek belli bolmadyk bir haryt özüne düşýän bahadan birnäçe esse gymmat satylyp bilinýär. Bu gabny fahyş däl-de peýdadyr.

Hanefi we Şafygy mezhebinde söwdanyň gabny fahyş saýylmagy üçin söwda edilýän ýerde söwdagärleriň arasyndaky ýörgünli dessurdan çykylmagy esasy şertdir. Şonuň üçin gabny fahyş barada anyk kesgitli ölçegi aýdyp bolmaýar. Muňa garamazdan, Nusaýr b. Ýahýa ýaly alymlar gozganmaýan emläkde 20%, haýwanlarda 10%, harytda 5% çäklendirme kesgitläpdir. Osmanly döwleti bu çäklendirmeleri kabul edipdir. Mäliki we Hanbeli mezhebinde gabny fahyşyň ölçegi malyň bazar gymmatyndan 1/3 artdyryp satylmagydyr.

Hanefi mezhebine görä, satyjy alyžyny bilip aldasa, alyjy söwdany yzyna gaýtaryp bilýär. Ýöne satyjy harydyň aýbyny, hilini, nyrhyny bilmän satsa söwda dürsdür. Pygamberimiz bir hadysynda: «Musulman musulmanyň doganydyr. Olaryň biriniň musulman doganyna aýyply maly satmagy halal däldir. Ýöne aýbyny gizlemän satsa, zeleli ýokdur», (Ibni Maje). Diýmek, musulman peýdadan öňürti halal gazanjy, söwda ahlagyna laýyklygy göz öňünde tutmalydyr. Sahabalardan Abdullah b. Bejeliniň söwda edişi häzirki döwrümiziň söwdagärlerine nusga alarlykdyr. Ol bazarda harydyny satan wagty müşderisine harydyň aýbyny aýdyp oňa: «isleseň al, islemeseň alma» diýýär eken. Oňa: «Beýle etseň peýda görmersiň, harydyň satylmaz, söwdaň oňmaz» diýlende ol beýik sahaba şu jogaby beripdir: «Biz Allahyň Resulyna her musulmana nesihat etmek niýeti bilen wepalylyk kasamyny etdik», (Ymam Gazaly, «Ihýa»). Ýagny, musulman hemişe nusga bolmalydyr.

Söwdanyň edepleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Söwdanyň edepleri şulardyr:

  1. Söwdanyň arasyna girmek gaty aýypdyr. Pygamberimiz bir hadysynda: «Bir kişi din doganynyň söwdasynyň arasyna girip söwda etmesin», (Müslim) diýýär.
  2. Harydyň aýbyny gizlemeli däl. Eger harydyň aýbyny gizläp söwda edilse, alan adam muny bilenden soň, söwdasyny yzyna gaýtarmaga haklydyr. Pygamberimiz: «Bir malyň aýbyny bilip, müşderiden gizläp satmak musulman kişi üçin haramdyr», (Buhary) diýipdir.
  3. Bazar nyrhyny bilmeýänden harydyny bazara çykarmanka, öňünden aldap arzan almak bolmaýar. Bu aşa aladawçylykdyr (gabny fahyşdyr). Pygamberimiz: «Satyjy malyny bazara çykarmanka, öňünden çykyp söwdalaşmaň» diýipdir.
  4. Müşderi gyzyşdyrmak (nejeş) niýeti bilen, satyn almajak halyňa ýokary baha aýtmak bolmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Müşderini gyzyşdyran – süýthorlyk edýän haýyndyr. Bu iş aldawçylykdyr we haramdyr», (Buhary).
  5. Ybadat wagtynda söwda etmek dürs däldir. Kurany Kerimde juma namazynyň wagty edilýän söwda haram saýylypdyr. Şeýle hem beýleki ybadat wagtlarynda söwda gyzygyp, namazyň wagty geçirilse, şol söwda hem haram hasaplanýar.
  6. Haram zatlaryň söwdasyny etmeli däl.
  7. Haram gazanç edýänler bilen alyş-çalyş etmek dürs saýylmaýar. «Sebäpkär hem eden ýalydyr» kadasyna laýyklykda, haramyň ýaýramagyna sebäpkärdikleri üçin, haram gazanç edýänler bilen söwda etmek haramdyr.
  8. Ekiniň ýetişmedik hasylyny satmak ýaly gümürtik söwdany hem etmeli däl. Pygamberimiz miwesi bişýänçä, hurmany, dänesi bişip hasyly orulýança gallany satmagy gadagan edipdir. (Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi).
  9. Terezide, ölçegde aldamak musulmançylyga tersdir. Bu bereket çeşmesini kör eder. Pygamberimiz ölçeg we terezi ulanýanlara ýüzlenip şeýle aýdypdyr: «Siz bizden öň gelip-geçen kowumlary heläk eden iki işi egniňizde göterýärsiňiz», (Tirmizi).
  10. Söwdada ýalan sözleme we kasam etme. Pygamberimiz bir hadysynda: «Söwdada ýalan ýere kasam etmek, haryda höwesi artdyrar, ýöne, peýdany zaýalar», (Buhary, Müslim) diýipdir. Ebu Dawudyň rowaýatynda bolsa «berekedini gaçyrar» görnüşinde aýdylýar.

Peýda we onuň çägi

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam dini söwdada peýda üçin belli bir çäk goýmandyr. Baha – isleg we teklip kanunlary esasynda, erkin bazaryň göterişine görä, özara razylyk netijesinde döreýär. Ýöne zerurlykdan peýdalanyp bahanyň ýokary galmagynyň öňüni almak üçin hem çäre görlüpdir. Süýthorlygyň, ihtikäriň (azyk önümlerini satyn alyp, gymmatlaýança saklap soň satmak), ýalanyň, hiläniň gadagan edilmegi zerur bolan ýagdaýynda, käbir harytlara döwlet tarapyndan belli nyrh kesilmegi hem şu çärelerdendir.

Beýleki tarapdan, söwdagär peýdanyň çäklendirilmeýänligi sebäpli, harydyny islendik bahadan satyp biler diýip hasaplamak dogry däldir. Harydynyň aýbyny gizlemek, harytda ýok aýratynlyklary bar edip görkezmek, düşýän gymmatyny ýokary görkezmek ýaly ýollardan peýdalanmak, müşderä täsir edip bazar bahasyndan ýokary nyrhdan satmak hem dürs däldir. Bu – gabny fahyşdyr.

Karzy hasen

[düzet | çeşmäni düzet]

Karzy hasen – yzyna gaýtarmak şerti bilen belli bir möhletlik bir zady ulanmaga almakdyr. Karzy hasene halk arasynda karz diýilýär. Allah Tagala yzyna gaýtarmak şerti bilen alnan karzy «Ýükrizullahe» sözi bilen düşündirýär. Ýagny, bu söz: karz mätäç kişä berilse-de, hamala Allaha berilýän ýalydyr – diýen manyny özünde jemleýär. Bu şol amal üçin sogabyň diňe Allah (j.j.) tarapyndan beriljekdigine hem yşarat edýär. Bakara suresiniň 245-nji aýatynda bu anyk beýan edilýär: «Berýäniňden gat-gat artygyny ödemegi üçin Allaha kim karzy hasen (ýagşy karz) berjek?». Aýatyň dowamynda karz almaga ýa-da gözlemäge mejbur bolan şahsyň ýagdaýyna bir gün hemmeleriň düşüp biljekdigi ýatladylýar. «Gytlygy beren-de, bollugy beren-de Allahdyr. Hemmäňiz diňe Oňa dolanyp bararsyňyz».

Hadysy şeriflerde bolsa: «Dünýä muşakgatlaryndan birini bir musulmandan aýran kişiniň muşakgatlaryndan birini Allah hem aýrar. Kyn ýagdaýa düşen birine ýeňillik döredene, Allah bu dünýäde-de, ahyretde-de ýeňillik döreder. Gul doganyna ýardamyny dowam etdirdigiçe, Allah guluna ýardam eder», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud). Başga bir hadysda bolsa, Allahyň Resuly magraçda gören bir hadysasy bilen baglanyşykly: «Magraja göterilen gijäm jennetiň gapysynda şeýle ýazgyny gördüm: «Sadaka on esse sylag berler, karza bolsa on sekiz esse». Men: – Eý, Jebrail, näme üçin karz sadakadan has fazyletli – diýip soradym. Ol şeýle diýdi: – Çünki gedaý öz islegi bilen gedaýçylyk edýär. Karz soraýan bolsa, mätäçligi sebäpli karz soraýar. (Ibni Maje).

Karzy hasen – zerurlyk, aktlaşmak, yzyna gaýtaryp bermek we ýardamlaşmak ýaly dört esasa daýanýar.

Zerurlyk. Adamlaryň zerurlygy dürli-dürli bolanlygy üçin, karz meselesinde kesgitli bir ölçeg aýtmak kyn. Şonuň üçin karz almak – başga çykalga galmadyk ýagdaýda saýlanýan ýoldur. Çünki hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda, karzy wagtynda töläp bilmezligiň ynsany heläkçilige eltip biljekdigini Pygamberimiz aýdypdyr. Allahyň Resuly: «Allahym, günäden we bergiden Saňa sygynýaryn» diýen dogasyny hemişe gaýtalaýanlygy üçin, sahabalardan biri bir gün: «Eý, Resulallah, bergi zerarly näme üçin beýle Allaha köp sygynýarsyň?» diýip sorapdyr. Nebiler Serweri: «Kişi bergä batanda, ony wagtynda yzyna töläp bilmese, ýalan sözlär. Söz berer, sözünde tapylmaz», (Buhary) diýipdir. Ýalan sözlemek we sözüňde tapylmazlyk bolsa, mynapygyň alamatydyr.

Aktlaşmak. Kurany Kerimiň Bakara suresiniň 282-nji aýatynda: «Belli bir wagt aralygy özara karz alanyňyzda, ony hökman ýazyň», diýilýär. Aýatyň dowamynda: «Isle uly bolsun, isle kiçi bolsun, şol bergini ýa-da onuň yzyna bermeli gününiň iň soňky wagtyna çenli ýazmaga ýaltanmaň» diýilýär. Diýmek, karz alnanda adyl şaýat bilen birlikde ýazmak iň dogrusydyr. Çünki aýatyň beýanyna görä, Allahyň huzurynda iň dogrusynyň we adalatlysynyň şeýledigi bellenýär. Şeýle edilse özara agzalalyk döremez.

Yzyna gaýtaryp bermek. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim yzyna gaýtaryp bermek niýeti bilen başga biriniň malyny alsa, Allah Tagala oňa bu bergini üzdürer. Kimde-kim başganyň malyny oňa zyýan ýetirmek niýeti bilen alsa, Allah Tagala bu malyň bereketini giderer. Oňa bu bergini üzdürmez», (Buhary, Ibni Maje). Diýmek, yzyna gaýtaryp bermek niýeti bilen alnan karza bereket yhsan eder. Başga bir hadysynda bolsa: «Bir kişi yzyna gaýtaryp bermek niýeti bilen karz alyp, ony üzmän ölse, Allah Tagala onuň bergisini öz üstüne alar we kyýamat güni islänini bermek bilen algydary razy eder. Muňa garamazdan, yzyna bermek niýeti bolman karz alan kişi ony üzmän ölse, Allah ondan algydaryň hakyny alar» (Kamil Miras, Tejridi Saryh).

Karzyň gaýtarylmaly wagty gelende bergidar aktdaky şertlere laýyklykda hökman tölemelidir. Karz yzyna berlende aktdaky şerte baglanmaly däldir. Algydar talap etse, ony wagtyndan öň hem bolsa bermelidir. Ýöne bu edebe gelişmez. Eger karzda akt esasy şert hökmünde görülse, algydaryň ýa-da bergidaryň zyýan çekýändigi sebäpli süýthorlyk bolýar. Munuň nesýe ribasyndan tapawudy bolmaz.

Bergidaryň borjy bergisini doly we wagtynda ýa-da eli giňänden soň öňünden üzlişmelidir. Şeýle etse mätäç güni edilen kömegiň gaýtargysyny şeýdip yzyna gaýtarýar. Pygamberimiz (s.a.w.) «Ýagdaýy bolan kişiniň bergisini gijikdirip, wagtynda üzmezligi – zulumdyr», (Buhary, Müslim, Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir. Bergidaryň bergisini wagtynda bermegi ýa-da alan zadyndan has ýokary hillisini gaýtaryp bermegi adamkärçilik we musulman sypatydyr. Meselem, Allahyň Resuly bir çarwadan üç ýaşyndaky düýäni karz alypdyr. Yzyna gaýtarmaly wagty gelende, şol düýä deň mal tapylmany üçin, Nebiler Soltany has gowy düýäniň berilmegini emr etdi. Mundan hoşal bolan çarwa: «Sen maňa hakymy iň ajaýyp şekilde gaýtaryp berdiň. Allah hem saňa sylagyňy artykmajy bilen bersin» diýip, Nebiler Serwerine doga etdi, (Buhary, Müslim).

Algydaryň borjy bolsa, bergidarynyň bergisini üzmeli wagty gelende, eger onuň bergisini üzmäge ýagdaýy ýok bolsa, oňa ýeňillik döretmelidir. Bu mesele bilen baglanyşykly Allah Tagala: «Eger bergidar kyn ýagdaýda bolsa, ony gyssaman, wagtyny süýşürmelidir. Bilseňiz, algyňyzy geçmegiňiz siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 280) diýýär. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiz (s.a.w.) bir hadysynda şeýle buýurýar: «Kimde-kim bir garyba bergisini üzmek meselesinde möhlet berse, ýa-da algysynyň bir bölegini, ýa-da, hemmesini geçse, Allah (j.j.) ony öz saýasyndan başga saýanyň ýok güni– kyýamat güni arşynyň kölegesinde saýaladar», (Tirmizi).

Şu döwrüň gaýtalanyp duran nogsanlaryndan biri bolan inflýasiýa ykdysady ýagdaýy pes ýurtlarda adamlaryň biri-birinden karz alyp-bermegine erbet täsir edýär. Çünki milli walýutada karz berlen ýagdaýynda algydar zyýana galýar. Hümmeti pese gaçmaýan daşary ýurt walýutasy ýa-da altynyň gymmatyndan karz alnan ýagdaýynda bolsa, bergidar zyýan çekýär. Bu mesele taryhyň dowamynda hemişe şeýle bolupdyr. Ymam Ebu Ýusufa görä, inflýasiýa sebäpli döreýän zyýany bergidar tölemelidir. Häzirki döwrüň alymlary hem şu pikirdedir. Käbir alymlar muňa nesýe ribasy diýipdirler. Şeýle bolansoň, mümkingadar karz alman günüňi dolamaga çalyşjak bolmalydyr.

Ýardamlaşmak. Karzy hasende iň esasy mesele ýardamlaşmakdyr. Karzy haseniň ýardamlaşmaga berýän täsiriniň akyl we mantykdan başga aýat we hadyslarda birnäçe delili bardyr. Şeýle hem karzy hasen durmuşda diňe maddy taýdan däl-de ruhy taýdan hem ýörgünlidir. Ýöne bu kitabyň çäginde temany giňişleýin işlemäge mümkinçilik bolmansoň, bir aýaty we hadysy mysal getirmek bilen, karzy haseniň ykdysady peýdalaryny gysgaça düşündirmegi makul gördük.

«Ýagşylyk we takwa (Allahyň gadagan edenlerinden saklanmak) barada biri-biriňize ýardam ediň. Günä we duşmançylykda ýardamlaşmaň», (Maide, 2).

«Biri-biriňize göriplik etmäň, müşderini gyzyşdyrmaň, biri-biriňizden kine saklamaň, ýüzüňizi sowmaň, söwdanyň arasyna girmäň, dogan boluň, eý, Allahyň gullary! Musulman-musulmanyň doganydyr, oňa zulum etmez, ony ýardamsyz goýmaz, ony kemsitmez (üç gezek ýüregini görkezip) takwalyk şu taýdadyr. Kişiniň musulman doganyny kemsitmegi – oňa günä hökmünde ýeterlikdir. Musulmanyň her bir zady: gany, maly we namysy musulmana haramdyr», (Müslim). Aýat we hadyslaryň beýanyna görä, ýardamlaşmak, agzybir ýaşamak, olara zyýan berjek zatlary ýok etmek – bu zatlaryň peýdasy kişiniň ölüminden soň hem dowam edýän zatlardyr. Yslamyň maslahat berýän düzgünleri durmuşda berjaý edilen wagty, adamzat jemgyýetinde täzeden asry-sagadat döwründäki ýaly parahat we bagtyýar jemgyýet dörär.

Ätiýaçlandyrma (страхование)

[düzet | çeşmäni düzet]

Ätiýaçlandyrma – statistiki kada we esaslara daýanyp şertnama düzýän bir gurama arkaly, ýitgileriň we çekilen zyýanlaryň öwezini doldurmak barada ýardam etmegi göz öňünde tutýan sistemadyr, onuň bilen özara şertleşmekdir. Ätiýaçlandyrylýanyň belli mukdarda berýän pul, ýa-da malyna derek, ätiýaçlyk guramasy müşderiniň çeken zyýanyny şertnamasyndaky bellenen şerte görä ödeýär, ýa-da onuň belli mukdaryny üpjün edýär.

Ätiýaçlyk täze dörän aktdyr. Yslam äleminde ätiýaçlyk meselesi ilkinji gezek iki asyr owal ýaşap geçen meşhur Hanefi hukukçysy Ibni Abidin tarapyndan gozgalypdyr. Yslam hukugynda ätiýaçlylyk: «Muwalat», «Akile», «Beý'ül Wefa», «Tazminat» ýaly aktlar bilen durmuşa geçirilipdir. Häzirki döwürde ätiýaçlylyk üç görnüşde amala aşyrylýar.

  1. Döwlet ätiýaçlygy – döwletiň raýatlary tebigy betbagtçylyk, ýol heläkçiligi, kesellemek, işsizlik, hossarsyzlyk ýaly ýagdaýa uçranlarynda, olara hemaýat etjek sosial sistemadyr. Muňa sosial ätiýaçlyk hem diýilýär. Döwlet bu hala uçran raýatlaryna kömek hökmünde çekilen zyýanyň, ýa-da zerur bolan çykdajynyň hemmesini, ýa-da bir bölegini ödemelidir. Bu ittifak bilen jaýyzdyr.
  2. Agzalyk ätiýaçlygy – dürli hünärde işleýän işçi-gullukçynyň heläkçilikde ýardamlaşmaga niýetläp möwsümleýin pul ýygnamagy. Munda heläkçilik bolmadyk ýagdaýynda ýygnalan pullar yzyna berilýär. Bu hem ittifak bilen jaýyzdyr. Muňa arkalaşyk ätiýaçlygy hem diýilýär.
  3. Tölegli ätiýaçlyk – statistiki kada we esaslara daýanyp aktlary düzýän bir gurama arkaly ýitgileriň we çekilen zyýanlaryň öwezini doldurmak barada ýardam etmegi göz öňünde tutýan sistemadyr, özara şertleşmekdir. Muňa söwda ätiýaçlygy hem diýilýär.

Häzirki döwürde bu görnüşdäki ätiýaçlyk uly maýadarlar we güýçli şereketler tarapyndan amala aşyrylýar. Ýagny ätiýaçlanýanlaryň töleýän pullaryndan uly summalar ýygnanýar we ätiýaçlanýan kişi şertnamada görkezilen hadysalaryň birini başyndan geçiren ýagdaýynda, ätiýaçlyk edýän şereket şol zyýany töleýär. Eger hiç hili heläkçilik bolmasa, ýygnanan pul yzyna gaýtarylmaýar. Netijede, şereket peýda gazanýar. Yslam hukugyna görä, bu şertnamada iki tarap üçin hem näbellilik bolandygy sebäpli, şertnama fasit saýylýar. Ýagny, ätiýaçlanýan şertnamada bellenen heläkçilik bolmadyk ýagdaýynda näme aljagyny, aljagynyň hem töläninden az ýa-da köp boljagyny bilmeýär. Mysal üçin: Bir kişi maşynyny iki million manatlyk ýyllyk ätiýaçlandyrsa, bir ýylyň dowamynda heläkçilik sebäpli bir million bolsa-da, ýigrimi million manat çykdaýjy bolsa-da, şereket tölemäge kepil bolýar. Eger ätiýaçlanýan heläkçilik sebäpli tölän iki millionyna derek ýigrimi million manat alsa, aradaky tapawut sarf aktyna meňzeýändigi üçin süýthorlyk bolýar. Beýleki tarapdan, bir ýylyň dowamynda ylalaşykda görkezilen heläkçilikden hiç biri bolmasa, ätiýaçlandyrýan şereketiň alan iki million manady näbelliligiň arkasyndan gazanylan puldur. Bu hem humara meňzeýär. Şol sebäpli käbir alymlar:

  1. Humar bolmagyň,
  2. Iki tarap üçin hem näbelli şertleriň bolmagynyň (Näbellilik bolan ýagdaýynda şertnama fasid bolýar, ýagny dürs bolmaýar),
  3. Sarf aktynyň bolmagynyň (Sarf aktynda nagt iş edilmelidir, ýogsa süýthorlyk bolup biler),
  4. Musulmanlaryň teslim we töwekgül ynanjyna zyýan ýetirýänligi ýaly şertleri özünde jemleýändigi üçin tölegli ätiýaçlandyrmagy jaýyz görmändirler, haram saýypdyrlar. Emma ätiýaçlyk sistemasynyň yslamyň kadalaryna laýyklykda işledilmeginiň hiç hili zeleli ýokdur.

Durmuş ätiýaçlygy

[düzet | çeşmäni düzet]

Her bir ynsanyň özüni, maşgalasyny, jaýyny, malyny tebigy betbagtçylykdan goramak niýeti bilen döredilen sistema durmuş ätiýaçlygydyr. Bu yslamyň esasy akydalaryna ters däldir. Gaýta tersine, ynsanyň maşgalasyny ýa-da öz mirasdarlaryny el serdirip gedaý goýman, baý ýagdaýda goýmagy iň laýygydyr. Yslam taryhynda durmuş ätiýaçlygyna meňzeş birnäçe usullar ulanylypdyr. Ýöne häzirki döwürdäki durmuş ätiýaçlygynyň yslamyň kadalaryna laýyk işlemegi esasy zatdyr.

Durmuş ätiýaçlygyny dört görnüşe bölmek mümkindir.

  1. Çäklendirýän ätiýaçlyk. Bu ätiýaçlanýan kişiniň bellenen möhletiň dowamynda ölen ýagdaýynda, ätiýaçlykdan peýdalanjak ýakynlaryna tazminat (kompensasiýa) tölemek şerti bilen edilýär.
  2. Çäklendirilmedik ätiýaçlyk. Ätiýaçlanan haçan ölse-de mirasdarlaryna tazminat tölenýän görnüşidir.
  3. Pensiýa ätiýaçlygy.
  4. Garyşyk ätiýaçlyk. Ätiýaçlanýan bellenen ýylyň dowamynda ölse, ätiýaçlylyk şereketi hossarlaryna tazminat berýär, eger ölmese, tazminaty bellenen ýylyň soňunda bermegi şerte goşýan görnüşdir.

Durmuş ätiýaçlygyny edýän şereket we gurama özünde jemlenen puluň belli bölegini pul görnüşinde saklaýar, belli bölegini bolsa işledýär. Işledýän pulundan gelýän peýdany, esasy maýasy bilen birlikde, şertnama laýyklylykda, ätiýaçlanan adama, ýa-da onuň mirasdarlaryna berýär. Şereket ýa-da gurama ätiýaçlanýanlara edýän hyzmaty üçin çykarýan çykdajysynyň öwezine, belli bir mukdarda pul alyp galýar. Emma käbir ätiýaçlyk guramalary ýygnanan pullaryny banka prosentine goýýarlar. Bu süýthorlykdyr.

Durmuş ätiýaçlygyny dolulygyna dürs diýip kabul edýän fykyh alymlarynyň bolşy ýaly, akyda, hukuk we söwda taýyndan ýetmezçilikleriň bardygyny öňe sürenler hem bolupdyr.

  1. Durmuş ätiýaçlygy we ynanç. Durmuş ätiýaçlygy Allahyň takdyryna garşy gitmek, kaza we kader ynanjyny inkär etmek ýalydyr. Meselem, «Şunça ýyl ýaşasam – maňa, öläýsem mirasdarlaryma...» görnüşindäki şert takdyra, ynanja şübhe etmekdir. Bu humaryň bir görnüşidir.Başga nukdaýnazardan bolsa, bu garaýyş durmuş ätiýaçlygynyň esasyna düşünmezlikden gelip çykýar.
    Hawa, «Hiç kim nirede öljekdigini bilmez», (Lukman, 34). Ýaşaýyş ätiýaçlygynda muňa ters gelýän zat ýokdur. Aktda «Şunça ýyl ýaşasam – özüm, eger öläýsem, mirasdarlarym tazminata eýe bolar» diýilýär. Gaýta tersine, bu şereket sebäpli birek-birege ýardam etmek döreýär. Bu bolsa:
    «Ýagşylyk we takwalyk babatda ýardamlaşyň, günä we duşmançylyk etmekde ýardamlaşmaň», (Maide, 2) aýatynyň emrini durmuşa geçirmegiň bir görnüşidir.
  2. Durmuş ätiýaçlygy we hukuk. Ätiýaçlyk şereketi ätiýaçlanýana ýa-da onuň mirasdarlaryna «Pylança wagtdan, şunça pul gaýtaryp bererin» diýip söz berýär. Berlen şol tazminatyň mukdary, goýlan puluň mukdaryna deň bolsa dürsdür, eger artyk bolsa ribadyr.

Durmuş ätiýaçlygynyň ýokarda düşündirilen işleýiş usulyna görä, aktda bellenen esaslara laýyklykda ätiýaçlanýanyň alýan tazminaty aslynda öz puludyr. Çünki şereket, ýa-da gurama işledýän pulundan gelýän peýdany, esasy maýasy bilen birlikde aktda bellenen şertlere laýyklykda ätiýaçlanan adama, ýa-da onuň mirasdarlaryna berýär.

Ätiýaçlanýan ölen ýa-da pensiýa çykan ýagdaýynda, goýlan puldan artyk alnan tazminatyň süýthorlyk bolmagy meselesi bolsa: yslam hukugynda alyş-çalyş, karz we sarf aktlarynda süýthorlygyň öňüni almak üçin käbir şertler goýlupdyr. Bu meselede-de şol şertlere tabyn bolmalydyr. Häzirki döwrüň alymlarynyň aýdyşyna görä, «standarta girýän haryt misline ýa-da gymmatyna deň tölenmegi gerekdir». Tazminat hem şol kada laýyklykda berilýär. Eger bu kadadan çykylsa, bu süýthorlyk bolýar.

Durmuşy ätiýaçlandyrmany kabul etmeýänleriň öňe sürýän ýene bir pikiri şüdür: «Durmuş ätiýaçlylygynda ätiýaçlanýanyň haçan öljegi, näçe mukdar tazminat aljagy näbellidir. Yslam hukugyna görä, mal, pul ýa-da tölemek wagtynyň näbelliligi akty fasit edýän şertlerdendir». Näbelli şertleriň akty bozýandygy meselesinde fykyh alymlary Pygamberimiziň: «Ýanyňda däl zadyň söwdasyny etme», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýen sözüne daýanýarlar. Emma kadadan çykma hökmünde, Pygamberimiziň özi däp-dessur, urp-adat ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýynda, şeýle näbelli selem, istisna (zakaz) aktlaryna özara razylaşmak esasynda rugsat edipdir. Häzirki döwürde söwdada hem ençeme özgerişlikler bolupdyr. Söwdadaky bu täze usullar tutuş dünýä söwdagärleriniň arasynda däbe öwrülipdir. Yslam hukugy hem şeýle ösüşlere we özgerişliklere garşy gitmeýär. «Musulman öňe süren şertine laýyk hereket eder», (Buhary) hadysy we «Däbe öwrülen zatlar şert etmek bilen deňdir» kadasy, bu özgerişlikleri kabul etdirýän esaslardyr. Ýöne däpdäki zatlar yslamyň esasy kadalaryna ters gelmeli däldir.

Durmuş ätiýaçlylygy we söwda. «Ätiýaçlyk işlerini edýän şereket ýa-da gurama özünde jemlenen umumy pul bilen süýthorlyk arkaly gazanç edýär. Şonuň üçin ätiýaçlanýanyň alýan tazminaty süýthorlyk arkaly gazanylan girdejidir. Bu bolsa haramdyr» diýilýär.

Bu diňe durmuş ätiýaçlygy üçin däl, ätiýaçlandyrýan ähli sistema üçin söwdanyň kabul edilmezliginiň esasy şertidir. Bu dogrudyr. Çünki yslama görä, süýthorlyk haramdyr. Emma esasy zat: durmuş ätiýaçlyk sistemasynyň yslam hukugyndaky mudaraba aktyna laýyklykda işledilmegidir. Mudaraba – zähmetiň maýa bilen birleşip, şäriklik emele getirmegidir. Mundan başga muşaraka (pullaryň şärikligi), murabaha we lizing (leasing) ýaly usullar bilen hem işlenip bilner.

Netijede, yslamyň esaslaryna laýyklykdaky durmuş ätiýaçlygy bir tarapdan ýardamlaşmak we arkalaşmak, beýleki tarapdan, söwda şereketiniň dürli görnüşinde işledilýän haýyr we söwda häsiýetli akt sistemasydyr. Muňa maddy we ruhy zyýany bilelikde çekmek we birek-birege ýardam etmek üçin döredilen edara diýip hem aýtmak bolar. Durmuş ätiýaçlygy netijesinde:

  1. Ätiýaçlanýan hem özüniň, hem maşgala agzalarynyň geljegini kepillendirmek üçin maddy taýdan maýa goýýar.
  2. Şahslaryň ätiýaçlyk şertnamasyny baglaşan wagtyndan başlap, maddy taýdan tygşytlylyk edilýär.
  3. Şol bir şereket ýa-da guramadaky kişiler birek-biregiň maddy zyýanlarynyň öwezini doldurmak niýeti bilen özara ýardamlaşýar.
  4. Şereket tarapyndan mudaraba we muşaraka ýaly yslamyň rugsat berýän usullary arkaly jemlenýän pul işledilip, döwletiň ykdysady ösüşine kömek edilýär.

Durmuş ätiýaçlyk sistemasy: «Maşgala arkalaşygynyň fondy» ady bilen yslam ýurtlarynyň ençemesinde ýöredilýär. Şärik bolan kişi agzalan fonda islese: bäş, on, on bäş, ýigrimi, ýigrimi bäş.. ýyllap agza bolup bilýär.

Haram saýylýan söwda

[düzet | çeşmäni düzet]

Riba (süýthorlyk)

[düzet | çeşmäni düzet]

Riba – iki tarapyň ylalaşygy esasynda karz berlen pul üçin şol puluň üstüne prosent goşup almakdyr. Kredit ulanylan wagty arassa peýdany ýa-da çekiljek zyýany öňünden kesgitlemek mümkin däldir. Emma ribanyň mukdarynyň öňünden kesgitlenýändigi üçin karz alan ýa-da beren hökman adalatsyzlyga uçraýar. Şol sebäpden hem Kuranda riba gadagan edilipdir. Pygamberimiz hem weda hutbesinde ribanyň ähli görnüşini ýatyrandygyny aýdyp, onuň gadagan edilmeginiň esasy sebäbi hökmünde Kuranyň aýatlaryny gaýtalap, «Baş maýa siziňkidir. Şeýlelikde ne zulum edersiňiz, ne-de zuluma uçrarsyňyz» (Müslim, Ebu Dawud, Ibn Maje) diýip nygtaýar.

Süýthorlygyň gadagan edilmeginiň sebäpleri, esasan, şulardyr:

  1. Zähmet çekmezden, bikanun gazanç edilýänligi.
  2. Söwda, senagat we oba hojalygy ýaly ýaşaýşyň esasyny düzýän pudaklarda maýa goýulmagynyň öňüni alýanlygy.
  3. Bergidarlaryň şahsy erkinliginiň çäklendirýänligi.
  4. Ynsany harsydünýä, diňe öz bähbidini bilýän egoist edýändigi.
  5. Baý bilen garybyň arasynda çaknyşyk döredýänligi.
  6. Döwleti ykdysady taýdan pese gaçyrýan iň esasy sebäplerden biriligi.

Jemgyýete uly zyýan ýetirýän içgi, humar ýaly, süýthorlygyň gadagan edilmegi barada Kurany Kerimde birnäçe gezek aýdylýar: «Ynsanyň maly, baýlygy köpelsin diýip, berýän prosentiňiz Allahyň ýanynda köpelmez. Ýöne Allahyň razylygyny isläp berýän zekadyňyz beýle däldir. Ony berenleriň sogaby hem maly esse-esse artar», (Rum, 39).

Süýthorlyk bilen sadaka biri-birine gapma-garşydyr. Allah Tagala olaryň birini höweslendirse, beýlekisini gadagan edipdir. Halal gazanjyny harama öwürýän süýthoryň adamlaryň arasyndaky abraýy pesdir. Pygamberimiz hem «Ribadan gelen baýlyk köp bolsa-da, akybeti azalmakdyr» (Ahmet b. Hanbel, «Müsnet», Ibni Maje). «Eý, iman edenler, esse-esse prosent iýmäň, Allahdan gorksaňyz – halas bolarsyňyz», (Äli Imran, 130).

Ribany gadagan edýän ilkinji aýat bu bolup, häzirki döwrüň alymlaryndan biri Seýit Kutub bu aýat barada şeýle diýýär:

«Häzirki döwürde käbir adamlar bu aýatyň hökümine salgylanyp «Haram diňe esse-esse prosentdir, 3-4-7-9 prosent esseläp almak ýa bermek däldir» diýýärler. Emma prosentiň mukdary näçe bolsa-da, netijesi ribadyr. Riba bolsa haramdyr».

«Süýthorlyk edýänler kyýamat güni edil şeýtanyň tisgindirişi ýaly, tisginip turar. Bu olaryň: «Süýthorlyk hem edil söwda ýalydyr» diýýänleri üçindir. Ýöne Allah söwdany halal, süýthorlygy bolsa haram edipdir. Mundan soň kim Rabbiniň bu buýrugyna tagat kylyp, süýthorlygy taşlasa, öňki edenleri bagyşlanar. Onuň hasabyny diňe Allah biler. Ýöne kim süýthorlygy dowam etdirse, ol jähennemidir we o ýerde ebedi galar», (Bakara, 275).

Süýthorlyk söwda ýaly däldir. Çünki söwda jemgyti ösüşe iterse, süýthorlyk ony diňe dargadýandyr. Söwda-da zähmet, maýa goýum, önüm öndürmek bardyr. Söwdadan ediljek gazanç hem anyk belli däldir. Emma süýthorlykda zähmet hem ýokdur, önüm öndürmek hem. Üstesine-de ediljek gazanç öňünden bellidir. Şonuň üçin Allah Tagala söwdany halal, ribany bolsa haram edipdir.

Pygamberimiz bolsa ymmatyny habardar edip, süýthorlyk barada şulary aýdypdyr: «Ýedi sany heläk ediji zatdan daş duruň. Olar: Allaha şärik goşmak, jady (sihir) etmek, nähak ýere biriniň ganyna galmak, süýthorlyk etmek, ýetimiň malyny iýmek, söweş wagty yza gaçmak, namysly aýala zyna töhmetini ýapmakdyr», (Müslim).

Hezreti Jabiriň gürrüň beren bir hadysynda Resulullah süýthorlyk edeni we etdireni, ony ýazany we şaýatlaryny näletläpdir. Pygamberimiz: «Olar günäde biri-birine deňdir» diýipdir.

Süýthorlygyň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

a) Berginiň üstünden edilýän süýthorlyk. Süýthorlygyň bu görnüşi yslamdan öň giň ýaýrapdyr. Bu usulda algydar berginiň tölenmeli güni gelende: «Bergiňi ber, ýogsa-da üstüne şunça berseň, möhletini süýşüreýin» diýýär. Käwagt şeýle teklip bergidardan hem çykyp bilýär. Kurany Kerim bu işi – Allaha we Onuň Resulyna garşy söweş yglan etmek ýaly görüpdir. «Eý, iman edenler, Allahdan gorkuň. Eger siz hakyky mü'min bolsaňyz, algyňyzdan artyk almaň. Eger-de süýthorlygy terk etmeseňiz, Allaha we Onuň Resulyna garşy söweşe girenlerden bolarsyňyz. Eger toba etseňiz, esasy almaly algyňyz siziňkidir. Netijede ne zulum edersiňiz, ne-de size zulum ediler», (Bakara, 278-279). Pygamberimiz weda hutbesinde şeýle diýýär: «Jahyliýet döwrüniň däbi bolan süýthorlygy ýatyrdym. Ilki ýatyranym Abdulmuttalibiň ogly Abbasyň süýthorlygydyr», (Müslim, Ebu Dawud, Ibni Maje).

b) Söwdadan görülýän süýthorlyk. Hanefi alymlaryna görä, munuň hem iki görnüşi bardyr:

  1. Artykmaçlyk ribasy (ribel fadl) – şol bir görnüşdäki hili meňzeş iki mal çalşylan wagty deň çalşylmazlyk. Eger hilleri tapawutly bolup, bazar nyrhy belli bolmadyk ýagdaýynda birini beýlekisinden artykmaç edilip çalşylsa hem süýthorlyk saýylýar. Mysal üçin, Pygamberimiz iki ölçeg hili pes hurmany ýokary hilli bir ölçeg hurma bilen çalşan hezreti Bilala şeýle diýipdir: «Bu süýthorlygyň hut özüdir. Eger gowy hilli hurma aljak bolsaň, git, ýaramaz hurmaňy sat, şonuň puluna-da gowusyny al», (Buhary).
  2. Nesýe ribasy. Iki haryt çalşylanda biriniň nagt, beýlekisiniň nesýe bolan mahalynda döreýär. Iki sany dürli haryt nagt çalşylanda, şeýle hem karz alynsa süýthorlyk ýüze çykmaýar.

Pygamberimiz bir hadysynda: «Birmeňzeş hilli altyn altyn bilen, kümüş kümüş bilen, bugdaý bugdaý bilen, arpa arpa bilen, hurma hurma bilen, duz duz bilen nagt hem deňe-deň çalşylýar. Bularyň görnüşleri tapawutly bolanda (altyn – kümüş, bugdaý – arpa), nagt bolmak şerti bilen isleýşiňiz ýaly satyp bilersiňiz», (Müslim, Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel) diýipdir.

Altyn ýa-da kümüş pul öz jynsyndaky magdan bilen çalşylanda, nagt we deň agramda bolmagynyň talap edilmegi, puluň magdan gymmatynyň ýokary ýa-da pes baha gazanmagynyň öňüni almak üçindir. Altyn we kümşüň çalşylmagynda döreýän artykmaçlygyň süýthorlyk saýylmagynyň sebäbi, bu ýerde puluň hümmeti goralýar.

Kagyz pullar hem ilki çykanda altyn pula deň gymmatlylykda çykarylypdyr. Ýöne dürli ülkelerde puluň altyn bilen gatnaşygy kesilip, onuň hümmeti döwletiň ykdysady güýjüne daýandyrylypdyr. Şol sebäpli ykdysady ýagdaýy güýçli ülkeler satyn almakda uly güýje eýe bolupdyr.

Süýthorlyk bilen peýdanyň arasyndaky tapawut

[düzet | çeşmäni düzet]

Peýda – zähmetiň, maýanyň, töwekgelligiň we synanyşygyň netijesinde gazanylýar. Peýdanyň aňyrsynda zyýana galmak we esasy maýany ýitirmek howpy bardyr. Süýthorlykda bolsa, kişiniň kyn ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly zähmetsiz, howpsuz gazanç bardyr. Süýthorlykda maýa howp astyna düşmeýär.

Söwdada peýda bir gezek gazanylýar, süýthorlykda bolsa, gazanç gat-gat artýar. Söwdada hemişe maýa goýmak we öndürmek ýa-da täze haryt tapmak zerurlygy bar, süýthorlykda bolsa bular ýokdur. Şonuň üçin Allah Tagala Kurany Kerim-de söwdany halal, süýthorlygy haram edipdir.

Harydyň gytalyp gymmatlamagyna garaşyp saklanmagydyr, ýa-da bazarda şol harydy doly satyn alyp, ýekebazarlyk etmekdir. Bu yslamda gadagandyr. Pygamberimiz: «Bir kişi musulmanyň azygyny ýygnap ammara salyp bazara çykarmasa, Allah Tagala ony şel açan, üflis halda dirilder», (Ibni Maje, Darimi) diýipdir. Başga bir hadysynda: «Ihtikär edýän kişi nähili erbet guldur. Bahalar arzanlasa gynanar, gymmatlasa begener», (Kamil Miras, «Tejridi Sarih») diýipdir. Pygamberimiziň ýene bir hadysynda şeýle diýilýär: «Bir azyk harydyny zerurlyk barka kyrk günläp saklaýan Allahdan daşlaşar, Allah hem ony özünden daşlaşdyrar», (Ahmet b. Hanbel «Müsned»).

Ihtikär bolmagy üçin:

a) Saklaýan malyň bazardan satyn alnan haryt bolmalydyr. Kişiniň öz öndüren harydyny saklamagy bazarda gytlyk döretmeýändigi üçin ihtikär saýylmaýar.
b) Azyk harydy bolmalydyr. Ymam Ebu Ýusufa we Ymam Mälige görä, islendik görnüşdäki harytda-da ihtikär bolup bilýär. Häzirki döwürde bu garaýyş has ýerliklidir.
ç) Gündelik islenýän, belli bir möhlet saklanmagy netijesinde mätäçlik döredýän gyt haryt bolmalydyr. Ihtikär bolmagy üçin azyndan kyrk gün geçmelidir. Käbir hanefi alymlaryna görä, bu möhlet bir aýdyr. Kasani bolsa, «el-Bedai» atly kitabynda ihtikäriň zulumdygyny we munuň juda gysga möhletde-de bolup biljekdigini öňe sürýär. Meselem, häzirki döwrüň şertlerinde: nebit, gaz we elektrik togy ýaly zerurlyklaryň bir sagada-da çekmeýän gytlygy uly kynçylyk döredýär. Şonuň üçin ihtikäri jemgyýetiň çekýän kynçylygyna görä, hasaba alynmaly we çäresi görülmeli.

Para – wezipeli adama hak, ýa-da nähak işi düzetdirmek üçin berlen pul, ýa-da sowgatdyr. Parahorlyk barada Kurany Kerimde şeýle aýdylýar: «Biri-biriňiziň malyny nähak ýollar bilen iýmäň. Halkyň malyny nähak ýere iýmek üçin wezipeli adamlara para bermäň», (Bakara, 188). Pygamberimiz bolsa şeýle diýipdir: «Parany alanam, berenem, araçy bolanam Allahyň rahmetinden mahrum bolsun». Ýöne zalym ýolbaşçynyň zulumyny özüňden, malyňdan dep etmek üçin ýa-da öz hakyňy almak üçin, mejbury halda berlen zat para saýylmaýar, (Ibni Abidin «Reddul Muhtar»).

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]