Mazmuna geçiň

Öýjük

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Adam ganynyň öýjükleri

Öýjük — ähli organizmleriň gurluşynyň we ýaşaýşa ukyplylygynyň ýönekeý birligi bolup, onuň özbaşdak bar bolmaga, öz-özüni gaýtadan döretmäge we ösmäge ukyply öz madda çalşygy bardyr. Janly organizmleriň hemmesi ýa, köp öýjükli haýwanlar, ösümlikler ýaly köp sanly öýjükden ybarat bolýar, ýa-da ençeme biröýjükli jandarlar we bakteriýalar ýaly biröýjükli organizmler bolup durýar. Öýjügiň gurluşyny we ýerine ýetirýän işini öwrenýän ylma sitologiýa ("sitos"-öýjük, "logos"- ylym) diýilýär.

Adam bedeninde ýerine ýetirýän işine baglylykda, öýjükleriň dürli görnüşleri bolýar. Myşsa öýjükleri hereket wezipesini ýerine ýetirýärler. Şoňa görä-de olaryň ik şekillije süýnmek görnüşleri bolýar. Ýerine ýetirýän işi oýanyş we geçiriş bolan nerw öýjükleriniň (neýronlaryň) bolsa, birnäçe ösüntgileri bolýar. Köplenç, süýnmejik görnüşinde bolan mäz öýjüklerinde beden üçin gerekli şireler öndürilip çykarylýar. Öýjükleriň ululyklary birmeňzeş bolmaýar. Gyzyl gan öýjüginiň- eritrositiň diametri 8 mk-a barabar. Käbir nerw öýjükleriniň uzynlygy birnäçe sm-e ýetýär. Mysal üçin, oňurga ýiliginde ýerleşen nerw öýjükleriniň ösüntgileri elleriň we aýaklaryň barmaklarynyň uçlaryna çenli uzalýarlar. Bu bolsa olaryň uzynlygynyň 120-150 sm-e çenli ýetýändigini görkezýär.

Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky membrana bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - sitoplazma bilen doldurylan. Sitoplazmada ýadro we birnäçe organoidler ýerleşýärler.

Öýjügiň sitoplazmasy nähili işleri ýerine ýetirýär?

[düzet | çeşmäni düzet]

Öýjügiň düzümine girýän himiki birleşmeler iki topara: organiki we organiki däl birleşmelere bölünýärler. Organiki däl birleşmelere suw we mineral duzlar degişlidir. Olar jansyz tebigatda hem duş gelýärler. Organiki birleşmeler janly tebigata mahsus bolan maddalardyr. Olara beloklar, ýaglar, uglewodlar we nuklein kislotalary degişlidir.

Suw öýjügiň umumy agramynyň 80%-ine golaýyny tutýar. Suw sitoplazma ýarym suwuklyk häsiýetini berýär we onuň hereketini ýeňilleşdirýär.

Suw öýjüklerde erediji hökmünde uly ähmiýete eýedir. Suwda erän maddalaryň arasynda himiki täsirleşmeler aňsat geçýär. Şeýle hem suw öýjükde bolup geçýän himiki täsirleşmeleriň netijelerinde emele gelýän gerekmejek maddalaryň öýjükden bölünip çykarylmagyny ýeňilleşdirýär.

Mineral duzlar öýjükde az mukdarda bolýar. Olaryň arasynda duz kislotasynyň natriý we kaliý duzlary hem-de fosfor we kömür kislotalarynyň natriý, kaliý, kalsiý, magniý duzlary has köpräk duş gelýärler. Olar öýjügiň madda çalşygyna gatnaşýarlar, öýjügiň ýaşaýyş işjeňligi üçin amatly şertler döredýärler.

Organiki birleşmeler öýjügiň umumy massasynyň 20-30%-ni tutýar. Öýjükleriň gurulmagynda we iýmitlenmeginde olaryň möhüm ähmiýeti bar.

Beloklar öýjükleriň esasy maddasy hasaplanylýar. Beloklar gurluşlary boýunça organiki birleşmeleriň iň çylşyrymlylaryna degişlidir.

Ýaglar. Ýaglaryň düzümine üç element: uglerod, wodorod we kislorod girýär. Ýaglar öýjük membranasynyň esasy düzüm bölegidir. Ýaglar öýjüklerde ätiýaçlyk maddalary we güýç çeşmesi hökmünde hem peýdalanylýar.

Uglewodlar ýaglary emele getirýän elementler bolan ugleroddan, wodoroddan we kisloroddan durýarlar. Uglewodlaryň ýaşaýyş üçin gerek bolan güýjüň çeşmesi hökmünde uly ähmiýeti bar. Uglewodlar gurluşyk serişdesi bolup hem hyzmat edýärler.

Nuklein kislotalary öýjügiň ýadrosynda emele gelýärler.

Öýjükleriň häsiýetleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Öýjükler janly bedenleriň düzüm bölegidir. Olara ýaşaýşyň hemme häsiýetleri, ýagny madda çalşygy, gyjynyjylyk, hereket, ösmek we köpelmek mahsusdyr. Öýjüklere hemişe iýmit maddasy baryp durýar. Şol maddalardan bolsa, çylşyrymly birleşmeler emele gelýär. Emele gelen organiki maddalaryň hasabyna-da öýjükler gurulýarlar. Öýjüklerde organiki maddalaryň emele gelmegine biosintez diýilýär. Öýjükde organiki maddalaryň emele gelmegi bilen bir wagtda olaryň dargamagy we turşamagy hem bolup geçýär. Şu hadysalaryň köpüsi kislorodyň gatnaşmagynda amala aşýar. Netijede, gurluşlary boýunça has sada maddalar we güýç emele gelýär. Turşamagyň netijesinde emele gelen önümler (kömürturşy gazy, suw we ş.m.) gan bilen bölüp çykaryjy synalara (böwreklere öýkenlere we derä) barýar. Ol ýerden hem daşky gurşawa bölünip çykarylýar. Emele gelen güýç bolsa, öýjügiň ýaşaýyş işjeňligi üçin sarp edilýär. Şeýlelikde öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda dyngysyz madda çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa, öýjügiň düzüm böleginiň mydam täzelenip durmagyny üpjün edýär.

Öýjükleriň köpelişi

[düzet | çeşmäni düzet]

Öýjüklere mahsus häsiýetleriň biri-de köpelmekdir. Öýjükleriň köpelmegi bölünmek ýoly arkaly amala aşýar. Köplenç, haýwanlarda we ösümliklerde bolşy ýaly, adamyň bedeninde hem öýjükler esasan, göni däl (mitoz) bölünmek bilen köpelýärler. Bu örän çylşyrymly hadysadyr. Bu hadysany aşaky surat boýunça yzarlalyň.

Hadysany sadalaşdyrmak üçin 46 sany hromosoma dälde, 6 sany hromosoma gorkezilen.

Öýjük bölünmeleriniň arasyndaky aralykda hromosomolar ýadroda şeýle bir ýukajyk bolýar. welin olary elektron mikroskopda hem görüp bolmaýar. Öýjük bölünip başlamazyndan ozal onuň ýadrosynyň 46 hromosomasynyň her biri goşalanýar we ýadrodaky maddalaryň hasabyna gurlup gutarýar. Öýjükde başga-da käbir özgerişler bolup geçýär. Öýjük merkezi ikä bölünýär, onuň iki böleginiň arasynda sitoplazmada örän berkdartylan örän inçejik sapaklar peýda bolýar. Soňra ýadronyň iki bölünen hromosomlary has ýognalýarlar, gysgalýarlar we mikroskop astynda gowy görünýärler. Ýadro bardasy ereýär.

Orta mekdepleriň XI synpy üçin okuw kitaby -2024ý.