Kristadelfianlar
Kristadelfianlar (Mesihdäki doganlar, Christadelphians) – bu üçbirlik dogmatyna degişli bomadyk Mesihi imanlylar topary bolup, ABŞ-da 19-njy asyrda doktor Jon Tomas tarapyndan döredildi. Olaryň häzir dünýäniň ähli ýurtlarynda eklesialar ady bilen agzalary hem-de ybadat ýygnanyşyklary bardyr. Umumy garaşsyz bolan sanawy dünýäniň Kristadelfianlar agzalarynyq 60,000 golaýa ýetirilmekden ybaratdyr [1][2]
IMANLARY
[düzet | çeşmäni düzet]Olaryň esasy imany şulardan ybarat:
- Bibliýa – bu Hudaýyň ruhlandyran sözüdir
- Isa Mesih Hudaýyň Ogludyr, ýöne Hudaý däldir we Ondan öň dünýäde doglan däldir
- Mesih ýere dolanyp geler hem-de Hudaýyň Patyşalygyny ýerde berkarar eder
- Ölüm – bu beýhuşlykdyr – olar janyň ebediligini inkär edýärler we şertleýin ebediligine ynanýarlar
- Dowzah ýöne mazary aňladýandyr
- Baptizm – bu uly ýaşda bolup, suwa doly derejde çümdürilip çokundyrylmadyr
- Mukaddes Ruh – bu şahsyýet bolman, eýsem Hudaýyň güýjüdir
- Şeýtan – bu janly şahsyýet bolman, eýsem ynsanyň erbet işidir.[3].
Olaryň imanynyň iň meşhur bolan tassyknamasyny „Bibliýanyň Esaslary“ atly kitapdan tapmak bolar. Bu kitap olar tarapyndan 50-den gowrak dilde terjime edilip çap edilendir [4][5].
TAGZYM
[düzet | çeşmäni düzet]Kristadelfianlar Mesihiň ölümini ýatlamak bilen, hemişe çörek döwme däbini geçirýärler. Olar öýlerde we uly bolmadyk ýygnak ýerlerinde duşuşýarlar. Olaryň hyzmatlary ýönekeýdir hem-de Hristiançylygyň birinji asyrdaky bolşuny berjaý etmäge çalyşýarlar. Olaryň merkezi dolandyryjysy bolan adamy ýokdur we her ybadat ýygnanyşygy (eklesiýa, ecclesia) öz-özüni dolandyryjy görnüşindedir.
BEÝLEKI MAGLUMATLAR
[düzet | çeşmäni düzet]Kristadelfianlaryň harbyda inkär edilenleri hyzmat etmekde dowamly taryhy bardyr.[6]. Bu jemgyýet ummasyz sanly neşiri çykardy, olaryň sanynyň gutarnykly derejesi 800 neşirlere golaý giňden ýaýraýar [7].
- ↑ en: Christadelphians
- ↑ tr: Kristadelfianlık
- ↑ Olaryň Şeýtan baradaky ynamy – bu olary beýleki Mesihi toparlardan aýra salmakdyr. Kristadelfianlar üçin Şeýtan babatda seret Fred Pearce Do you believe in a devil? Archived 2010-08-30 at the Wayback Machine
- ↑ Duncan Heaster Bibliya – bu yeketak abray
- ↑ Hoş Habary - bu nämäkä?
- ↑ John Botten The Captive Conscience Birmingham (9780851891514)
- ↑ Kristadelfianlar edebiýatynyň doly sanawy üçin seret Christadelphianbooks.org Archived 2009-08-26 at the Wayback Machine
Wikimedia Commonsda Kristadelfianlar bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |