Mazmuna geçiň

Köriçege

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gurçuk görnüşli ösüntginiň (appendiks) (lat. appendicitis) yagdaýlaryny beýan edýän maglumatlar XVI asyrda Leonardo da Winçiniň hem-da Andreasa Wezaliniň ylmy işlerinde hem duş gelýär.

Birnäçe wagtdan soň Ýewropa lukmanlary hem jesetleri kesip açan halatlarynda, gurçuk görnüşli ösüntginiň sowuklama ýagdaýlaryna duş gelýändiklerini beýan edipdirler. Köriçege (appendisit) kör içegäniň sowuklamagynyň netijesi saýylyp, ol ýagdaýa kän bir üns hem berilmändir. (Kör içegäniň sowuklamagyna "typhlitis" diýilýär). XIX asyrda iňlis hirurglary Braýt we Addison ýiti köriçegäniň alamatlaryny has takyk beýan edip, ony aýratyn kesel hökmünde häsiýetlendiripdirler. Bu bolsa ýiti köriçegeli näsaglaryň bejergisinde operatiw usuly birinji orna çykarmaga itergi beripdir.

Birinji appendektomiýany (gurçuk görnüşli ösüntgini aýyrmak operasiýasyny) Keramatly Georgiý hassahanasyny esaslandyryjy londonly hirurg K.Amýand 1735-nji ýylda geçirdi. Ol 11 ýaşly oglanjyga operasiýa edip, onuň sagalmagyny gazandy. 1886-njy ýylda R. Fitz "köriçege" diýen düşünjäni girizip, onuň bejergisinde, hirurgiki usulyň möhümdigini belläp geçdi.

Appendektomiýany birinji gezek Germaniýada 1888-nji ýylda geçirdiler. Keseliň alamatlaryny 1889-njy ýylda A. Mak-Burneý (keseliň bir alamaty onuň adyny göterýär) beýan edýär.

Gurçuk görnüşli ösüntgä ýetmek üçin hirurglar tarapyndan ulanylýan gyýak kesim hem onuň adyny göterýändir. Ýöne birinji gezek ol kesimden Makartur peýdalandy.

Russiýada appendektomiýa operasiýasy birinji gezek 1888-nji ýylda Petropawlowsk keselhanasynda lukman K. P. Dombrowskiý tarapyndan geçirildi. Bu operasiýa has giňişleýin, 1909-nji ýylda rus hirurglarynyň gurultaýyndan soň geçirilip başlandy.

1961-nji ýylda Nowolazarew antraktida stansiýasynyň lukmany L. Rogozow öz-özüne appendektomiýa operasiýasyny geçirdi.

Köriçege (appendisit) – kör içegäniň gurçuk görnüşli ösüntgisiniň sowuklamagy bolup, garyn boşlugynyň agzalarynyň ýiti keselleriniň içinde iň giňden ýaýran keseldir.

Ortaça her ýyl her 250 adamyň biri ýiti köriçege bilen keselleýändir. Bu kesel dürli ýaşly adamlarda duş gelip biler, ylaýta-da ol 10-30 ýaş aralygynda ýygy duş gelýändir.

Çagalarda duş gelme ýygylygy 1-3%-den köp däldir. Erkek adamlarda hem, aýallarda hem deň derejede duş gelýändir. Ýiti köriçegäniň ýarylmadyk ýagdaýynda ölümçilik 0,1%, ýarylan ýagdaýynda 3%-e ýetýändir. Keselhana keseliň birinji gününde gelen näsaglaryň arasynda ölümçilik ýagdaýy, giç ýüz tutanlar bilen deňeşdirlende 5-10 esse azdyr. Görkezilen maglumatlar keseli başlangyç döwründe anyklap,tiz hirurgiki kömegi bermegiň möhümdigini nygtaýar.

Köriçegäniň ýüze çykmagy birnäçe sebäplere görä bolup biler:

1. Mehaniki teoriýa – ýiti köriçege içegäniň dürli zatlar bilen dykylmagy netijesinde içege florasynyň (içegede ýaşaýan mikroblar) işjeňleşmegi sebäpli döreýär. Ösüntginiň içinde gatan täret bölekleri (täret daşlary – koprolitler), gurçuklar, başga del jisimler, täze dörän çiş zerarly dykylma ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar ösüntginiň içinde köp mukdarda nemiň ýygnanyp, ýokançlyklaryň köpelmegine getirýär. Netijede ösüntginiň hemme diwarlaryna sowuklama ýaýrap, diwarlarda gan lagtalary emele gelýär. Ösüntginiň diwarlarynda dargama ýagdaýy döreýär. Ösüntginiň içindäki del jisim onuň diwarlaryna täsir edip, baş emele getirýär. Emele gelen dargama ýagdaýy ýogyn içegäniň mikroblar toplumynyň täsirine sezewar bolup, dargama hemme diwarlaryna ýaýraýandyr.

Ýogyn içegede bakteriýalaryň we kömelekleriň 500-e golaý görnüşi toplanandyr. Onda duş gelýän mikroblar toplumy paýlanýan bolsa, adam bedeniniň her gramyna 10 mln. mikrob bedenjikleri düşerdi. Köriçegäniň şu tapgyrynda ösüntginiň içinde goýy agymtyl-gülgüne öwüsýän, porsy ysly iriň emele gelýär.

Emele gelen başyň daşky gatlaga ýaýramagyndan soň, ösüntginiň içinde basyş ýokarlanyp, dargama bölekleri "itip çykarylýandyr". Netijede gurçuk görnüşli ösüntginiň deşilmegi (perforasiýa) bolup geçýär. Bu ýagdaýa halk arasynda "köriçege içine ýarylypdyr" hem diýýärler. Garyn boşlugynda bolup geçýän bu heläkçilik uly mukdarda ýokançlyk saklaýan iriňiň arassa garyn boşlugyna dökülmeginiň sebäbi bolýar. Ýokançlyklaryň garnyň ýylmanak bardasyna täsir edip, peritonitiň döremegine getirip biler.

2. Garyn boşlugynyň agzalarynyň dowamly keselleri netijesinde sepleşme ýagdaýy döräp, ösüntginiň epilmegi köriçegä getirip biler. Bu ýagdaýa dowamly kolit (ýogyn içegäniň sowuklamagy), dowamly holesistit (öt haltanyň sowuklamagy), dowamly adneksit (ýatgynyň goşundylarynyň sowuklamagy), garyn boşlugynyň sepleşme keselleri sebäp bolup biler.

3. Ösüntginiň dykylmagynyň seýrek duş gelýän sebäpleri:

  • Ýuwdulan del zatlar (üzüm şänijegi, balyk gylçygy, towugyň kiçijik süňkleri, günebakar çigidiniň şulhasy, hat-da emeli diş koronkalary we başga ownuk zatlar) – bu ýagdaýlar seýrek duş gelýändir;
  • XX asyryň başynda lukmançylyk edebiýatynda, üýtgän gurçuk görnüşli ösüntgide gurçuklaryň, esasan hem askaridalaryň tapylandygy barada maglumat bardyr. Häzirki wagtda şunuň ýaly ýagdaýlar juda seýrek duş gelýär;
  • Ýiti köriçege ösüntginiň çiş kesellerinde, esasan hem karsinoid emele gelende duş gelip biler.

4. Käbir hasaba alyş maglumatlara görä, ýiti köriçege geçiren näsaglar üçin köpýyllyk, dowamly iç gatama ýagdaýlary mahsusdyr. Täret bölekleriniň içegäniň sag böleginde saklanyp durmagy, täret daşlarynyň emele gelmegine sebäp bolýar. Dünýä edebiýaty ilatyň köriçege bilen kesellemedik böleginde ýogyn içegäniň rak keseliniň, mäzli polipleriň seýrek duş gelýändigini belleýär.

5. Ýiti köriçege keselçiligi bilen iýmitde ösümlik kletçatkasynyň azlyk etmeginiň arabaglanşygynyň bardygy subut edildi. Dogrudan hem, ösümlik kletçatkasy içegäni işledip, ondan täret bölekleriniň çalt çykmagyna kömek edýändir.

6. Ýokançlyklar teoriýasy – garyn garahassalygy, inçekesel, amebiaz ýaly ýokanç keseller hem ýiti köriçegä getirip bilýärler.

7. Endokrin teoriýasy – gurçuk görnüşli ösüntginiň nemli bardasynda köp öýjükleriň sowuklama dörediji serotonin gormonyny işläp çykarýanlygy barada ylmy maglumatlar bar. Ol ýagdaý hem ýiti köriçegäni döredip biler.

Köriçegäniň ýüze çykyşynda iň esasy alamat – dürli derejede ýüze çykýan agyrydyr. Agyry ilkibaşda sepirjikde, göbegiň töwereginde ýüze çykýar. Köplenç ol garynda ýaýran ýagdaýa eýe bolup, birnäçe sagatdan soň garnyň sag aşak gapdalyna geçip bilýändir. Has seýrek ýagdaýlarda agyrylar diňe garnyň sag aşak gapdalynda ýüze çykyp bilýändir. Agyrylar ilki birsydyrgyn bolup, keseliň güýjemegi bilen güýçlenip hem biler. Ýöreme, üsgürme,näsag düşekde ýatyşyny üýtgedende hem agyrylar güýçlenip biler. Ýöne gurçuk görnüşli ösüntginiň nerw öýjükleriniň dargamagy netijesinde agyrynyň azalmagynyň mümkinligini hem belläp geçmelidir.

Näsagda işdäsizligiň ýüze çykmagy, ýürek bulanma, gaýtarma hem bolýar. Ýürek bulanmanyň, gaýtarmanyň agyrylardan öň ýüze çykmagy ýiti köriçege üçin mahsus däldir. Bedeniň gyzgyny 37-38 Cº çenli galyp bilýändir.

Köriçegäniň, ösüntginiň ýerleşýän ýerine baglylykda adaty bolmadyk alamatlar bilen geçmegi hem mümkindir. Şunuň ýaly ýagdaýlar kiçi çagalarda, gartaşan adamlarda we göwrelilerde ýüze çykyp biler.

Köriçegäniň çanaklykda ýerleşen ýagdaýynda buşukma, suwuk görnüşli täretlenme ýüze çykyp biler.

Ösüntginiň köriçegäniň yzynda ýerleşen wagtynda umumy alamatlar agdyklyk edýär(gyzdyrma, gaýtarma, kelle agyry). Ýerli alamatlar onçakly bilinmeýär.

Göwrelilerde köriçegäniň öz geçiş aýratynlyklary bardyr. Bedendäki gormonal üýtgeşmeler, garnyň myşsalarynyň ulalan ýatgy arkaly süýndirilmegi keseliň geçiş alamatlaryny üýtgedýändir. Ýatgyyň içki agzalary öz adaty ýagdaýyndan süýşürmegi netijesinde, appendiks we köriçege öz ýerleşişini üýtgedip, sag tarap gapyrgalaryň aşagyna ýa-da garnyň sag gapdal tarapyna süýşüp bilýändir.

Gurçuk görnüşli ösüntginiň öz adaty ýerinden üýtgemegi, göwrelilikde appendisitiň öz wagtynda anyklanylmagyna bökdençlik döredip biler. Bu bolsa keseliň gaýraüzülme görnüşe geçip, göwreliligiň düşme howpunyň döremegine ýa-da çaganyň ölümine getirip biler. Ir döwürde, çalt geçirilen appendektomiýa enäniň hem-de çaganyň ömrüni halas edýär.

Öz wagtynda anyklanylmadyk köriçege birnäçe howply gaýraüzülmelere getirip biler:

  • Mezenteriolit-gurçuk görnüşli ösüntginiň çözüniň sowuklamagy;
  • Ösüntginiň sowuklamagy netijesinde infiltratyň emele gelmegi-sowuklamanyň çäkli ýerde döremegi netijesinde, keseliň 3-4-nji güni ýüze çykýar;
  • Absses-sowuklan ýeriň iriň ýygnamagy bilen häsiýetlendirip, bedeniň gyzgynynyň galmagy bolýandyr;
  • Peritonit-garnyň ýylmanak perdesiniň sowuklamagy-uzaga çekýän agyrylardan soň ýa-da ösüntginiň dargap deşilmegi netijesinde, keseliň 3-4-nji güni ýüze çykýar;
  • Sepsis-örän howply gaýraüzülme ýagdaýy bolup, deşilen ösüntgiden ýokançlygyň gana düşüp, bütün bedene ýaýramagy bolup geçýändir.

Ýiti köriçegäni başga kesellerden aýyl-saýyl etmek lukman üçin möhümdir. Ony sag taraplaýyn böwrek sanjylamasyndan, aýallarda-ýatgydan daşary göwrelilik we ýatgynyň goşundylarynyň sowuklamasy, ýiti holesistit, ýiti pankreatit, içege geçirmezligi ýaly kesellerden çäklendirmeli bolýar. Köriçegede seprijikde döreýän agyry bilen gaýtarmanyň döreýänligi sebäpli, näsagda azyk bilen zäherlenmeler, aşgazanyň sowuklamasy ýaly keselleri hem güman edip bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýda, näsagyň aşgazanyny, içegesini ýuwup, iç sürýän dermanlary berip, biz peýdasyz, kähalatlarda garşy görkezilen çäreleri hem geçirýäris.

Anyklaýyş kynçylyklaryna garamazdan, lukman tarapdan näsag ünsli barlananda, keseliň birinji sagatlarynda, garnyň aşaky sag gapdalynda agyry we garnyň myşsalarynyň dargynlylygy ýüze çykarylyp bilner.

Ýiti köriçegäni diňe operatiw usul bilen, ýagny appendektomiýa geçirip bejerip bolýandyr. Köriçegä güman edilen näsaglar, haýal etmän, rahat ýagdaýda ýatyrylyp hirurgiýa bölümine getirilmelidir. Içegäniň işini çaltlandyrýan içege ýuwmak (klizma) ýa-da iç sürýän dermanlary bermek gadagandyr. Näsaga iýmit, içmäge suw bermeden saklanmalydyr.

Öz wagtynda geçirilen appendektomiýadan soň, näsaga işe ukyplylyk ýagdaýy 3-4 hepdeden gaýdyp gelýändir.