Paul Heýs
Paul Ýohan Ludwig Fon Heýs (1830-1914)
Dünýä belli nemes ýazyjysy Paul Heýs Berlinde, mugallymlaryň maşgalasynda dünýä indi. Italýan edebiýaty boýunça ýokary bilim alyp, doktorlyk işini gorapdyr.
Heýzeniň ilkinji hekaýasy 1852-nji ýylda çap edilipdir.
Onuň “Garalama kitaby”, “Aýdymlar hem suratlar”, “Italiýadan goşgular” atly goşgy ýygyndylary, “Soňky kentawr” powesti, “Dünýä çagalary”, “Jennetde” hem-de “Merlin” romanlary öz döwründe uly meşhurlyga eýe boldy. Emma dünýä edebiýatynyň taryhyna Heýs özüniň ajaýyp nowellalary bilen girmegi başardy. Bulardan ötri Heýs italýan hem-de ispan dilindäki eserlerden eden şowly terjimeleri bilen hem bellidir.
Bütin ömrüniň dowamynda Heýs altmyşa golaý sahna eseri bilen bir ýüz ýetmişden gowrak nowella döredipdir. 1910-njy ýylda oňa Nobel baýragy berildi. Nobel baýragyny gowşuryjy toparyň şol wagtky ýolbaşçysy Wirsel ol hakda: «Germaniýada Gýoteden soň bular ýaly zehin döremändi» diýip belleýär.
Onuň ýazan «Soňky nowellasy» 1914-nji ýylda çapdan çykýar. Şol ýylyň hem 2-nji aprelinde Paul Heýs Mýünhen şäherinde 84 ýaşynda aradan çykýar.